«Watan» diýlende, her bir ynsanyň göz öňünde juda ajaýyp hem owadan görnüş janlanýan bolsa gerek?! «Watan» diýlende, käbir adamyň serine gül-gülälekli dag-düzlerimiz, käbirleriniňkä belent-belent ymaratly şäherlerimiz gelýän bolsa, kimler üçin Watan — ähli eziz zatlary goýnunda saklap oturan barlyk, ümmülmez ýeňişlere beslenen geljek, iň mähriban ynsanlardyr. Hawa, her birimiz üçin «Watan» diýlende döreýän mähriban hem ýakymly duýgular bar. Ýöne haçan-da, «Watan» diýlende, parahatçylygyň goragy üçin serhet aşyp giden mähriban pederiň keşbi, ondan galan ýalňyz ýadygär surat kimin gözleriňde janlanýan bolsa, onuň ýürekde döretjek duýgusy hem juda üýtgeşikdir. Onda-da, hakydaňda galan şol mähriban keşp, Watan üçin janyny orta goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen gerçegiň harby lybasly keşbi bolsa...
Ynha, şeýle çuňňur duýguly kalbyň eýeleriniň biri-de Enetäç Hajyýewa. 81 ýaşyny doldursa-da, kakasynyň — Ata Geldimyradowyň harby lybasdaky keşbi henizem hakydasyndan gitmedik bu enäniň gürrüň berjek ýakymly ýatlamalary hemmeler üçin hem tolgundyryjy bolsa gerek...