Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynda wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Munuň üçin, ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde çeper edebiýatyň hem tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Çünki çeper edebiýat ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde esasy çeşmeleriň biri bolup durýar.
Halkymyzyň döreden her bir eserinden dost-doganlyk, watançylyk, ynsanperwerlik, umuman, ähli döwürler üçin ähmiýetli bolan düşünjeler, garaýyşlar eriş-argaç bolup geçýär. Bu pikirler häzirki döwrüň türkmen edebiýatynda has giň gerim alyp, täzeçe röwüşde şöhlelenýär. Hususan-da, dörediji Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleriň ençemesi bar. Olardan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplar ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.