Eltili gelin engamly «Orun don» toý däbi hakynda söhbet

21 Ýanwar 2021
2693

Gyşyň iniňi düýrükdirýän sowujak howasyny balalary baradaky arzuwlary bilen ýylatmak isledimi, nämemi, Maýsa gelin işden gelşine, gaýynenesine matlabyny beýan etdi:

— Enesi, alty aý diýeniň hä diýmän geçer. Täze ýylyň bir ujundan kertilip ugransoň, derrew ýaz aýy geler-de, ekiş diýersiň, ýekelemä haýdarsyň, nädip tomsuň golaýlanyny bilmän galarsyň. Şu gün arkaýynlykda ýene-de bir gezek gelnimize niýetlän bukjamyzy ine-gana gözden geçiräýeliň — diýdi. Bu mährem sözler Ýazjemal daýzany edil gelnalyja giden mähelläni alkyşlaýan pursadyna ýetirdi: «Diliňe döneýin balam, sag-aman gelniňi getirip, öýe salmak, agtyk-çowluk söýmek saňa nesip etsin, Alla jan! Agtyk gelnimiň elinden çaý içmek, hyzmatyny görmek maňa-da nesip etsin-dä, hernä!»

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.