HABARLAR

Bagabat barada

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Arheologik maglumatlaryň şaýatlyk etmegine we taryhy golýazmalaryň habar bermegine görä, XV asyrda Änewiň ilatynyň sany birden köpelýär. Şähergurluşygynyň tutýan meýdany giňäp, gala diwarlarynyň daşyna çykýar, şäheri gurşan meşhur baglary bilen tanalan rabadyň çägi has hem ulalýar. Ähtimal, şol gülläp ösen bagy‑bossanlyk zerarly, şäheriň ady hem üýtgedilip, ol Bagabat adyna eýe bolandyr. Giçki orta asyr golýazmalarynda Nusaýyň golaýynda ady tutulýan Bagabat şäheri hut Änewdir diýip, alymlar nygtaýarlar.

Gadymy ölçeg birlikleri

Ata-babalarymyz durmuşda dürli ölçeg birliklerini döredipdirler. Olar: Barmak boýy — eliň haýsy-da bolsa bir barmagynyň boýuna deň bolan beýikligiň, uzynlygyň takmynan ölçegi.

Gültahýa

Tahýalaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, aýratyn taryhy, gelip çykyşy, tikilişi, keşdelenilişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Gyzlar tahýany dört örülen saçlary görner ýaly edip geýipdirler. Durmuşa çykýan gyzlar reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýa geýipdirler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ýelek gyzlary göz degmekden, tahýa bolsa eýesiniň kellesini ýamanlyklardan, kesellerden, beýleki betbagtlyklardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr.

MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi. Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.

BIR WAKANYŇ ÜÇ ŽANRDAKY BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli aýdym-saz sungatymyza ägirt uly goşant goşan beýik sungat ussatlaryna, bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýulýar. Olar hakyndaky rowaýatlar halkyň arasynda ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol rowaýatlarda beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýörelgeleridir geljek nesillere galdyran sungat miraslary hakyndaky hakykatlar özboluşly şöhlelenýär.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY ESERINDE TERBIÝÄNIŇ YLMY ESASLARYNYŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Nesil terbiýesini durmuşynyň özeni hasaplaýan türkmen halky bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini, ýol-ýörelgesini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Edepli ile gerekli», «Adam bir ýaşar, edebi – iki» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, rowaýatlarda çugdamlap, geljekki nesillere miras goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän  her bir sargydynda, öwüt-ündewinde, Watançylyk sapaklarynda, dürdäne kitaplarynda hem edep-terbiýe meselesi aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde edep-terbiýe baradaky oý-pikirlerini çugdamlap, olary ylmy esaslandyrmalary bilen halkymyza ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri turuwbaşdan ata Watana, il-güne söýgi, ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe mekdebiniň gymmaty dogrusyndaky pikirlere ýugrulandyr. Kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi bolsa tutuşlygyna edep-terbiýäniň ylmy esaslaryna we halkymyzyň milli garaýyşlaryna, olary utgaşykly ulanmagyň geljekki bagtyýar nesli, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň bu bölüminde halk arasynda giňden belli bolan «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňü

Keçe ýylysynyň ýakymy

«Adam eli, gyzyl gül» diýleni. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinmek adamyň tebigatynda bar. Zenanlarymyzyň  mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri bileklerinde basyp, çeper ellerinde sünnäläp ýylysy ýakymly ajaýyp keçelerimiz zenan kalbynyň syrly hazynasydyr.

Magtymgulynyň halallyk ýörelgesi

Türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsinde bolup geçýän özgerişler örän giň we çuňdur. Her bir jemgyýetiň ruhy dünýäsi onuň ýaşaýşynyň we ösüşiniň wajyp tarapy bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetinde adam öz hereketlerini milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary esasynda ugrukdyran ýagdaýynda üstünlikleri gazanýar. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň juda zerurlygy ör-boýuna galýar. Milli Liderimiz: «Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy halallygy haramlyga garşy goýmak başarnygy bilen, adamyň öz gujur-gaýratyna, pähim-paýhasyna laýyk bolan ykbalyna kaýyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şahyryň döredijiligi öwrenilende, onuň dünýägaraýyş gapma-garşylygyny birikdirýän ölçegi gözleýän filosofiki garaýşyny aňlamak örän wajypdyr. Şol ölçegi akyldar şahyr özüniň «Adamzat» diýen goşgusynda: Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat

Dillerde dessan Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenýän güneşli Watanymyzda türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy döredip, öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, onuň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan şygyrlary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Akyldaryň bahasyz eserlerinde her bir ynsanyň ýaşan ömründe il-güni üçin bähbitli işleri özünden soňky nesillere miras goýmagy ündelýär. Şahyryň şygryýet dünýäsi taryhy köklerini örän uzak asyrlardan alyp gaýdýan, halkyň arasynda sünnälenen durmuşy döredijilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň baý nusgalaryndan özboluşly peýdalanmagyň ussady bolupdyr.

Çaga şaý-sepleri

Çaga nesil dowamaty hasaplanýar. Şeýle bolansoň mähriban enelerimiz çagalaryny kiçijikliginden dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Kiçijik çaga özboluşly bezeg berýän şaý-sepler bilen baglanyşykly ajaýyp setirler enelerimiziň hüwdülerinde hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Çaga tahýasynyň depesine, kürtekçesiniň arkasyna dakylan, tegelek bazbent onuň syratyny ykjam saklamaga, özüni dogumly duýmaga täsir edýär. Bazbent — altyn çaýylan, ösümlik nagyşly, kümüşden ýasalan şaý-sep bolup, hakyk daşy bilen bezelipdir. Bazbendiň iki tarapyna kümüş tumarlardyr şelpeler hem berkidilipdir.