Türkmenler hemişe-de döwrüne görä mynasyp ýaşamagy başaran halkdyr. Asly käri çarwaçylyk bolup, sonar öri meýdanlaryň gözleginde aglaba göçme ýagdaýda ýaşan bolsalar-da, öz ýaşaýyş-durmuşlaryna zerur bolan şertleri hem döretmegi başarypdyrlar. Şol şertleriň biri-de tamdyrdyr.
Elkinçe, göçme şertlerinde ýaşan pederlerimiz göçüp baran ýerlerinde ilki öýlerini tutan bolsalar, soňra tamdyr gurupdyrlar.