Dünýä deňelen düýäm

29 Iýul 2024
610

Halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewi, arwana düýesi, wepaly alabaýy we saryja goýny gadymy döwürlerden bäri her öýde arzylanyp saklanypdyr. Özüniň eti, süýdi, çaly, agarany bilen dürli derde derman bolýan düýe maly türkmeniň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir.

Bir örküçli düýä arwana düýesi diýilýär. Bu düýeler özüniň asudalygy, çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olara aýratyn ideg gerek bolmandyr. Ýurdumyzyň çäginde bir örküçli we iki örküçli düýeleriň ýaşandyklary barada taryhy maglumatlar bar. Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda Marguşdan tapylan düýe heýkeljikleri we boýy 40 santimetr bolan kümüş gabynyň ýüzünde ýerleşdirilen iki örküçli düýeleriň şekilleri munuň aýdyň mysalydyr. Altyndepede tapylan düýä tirkelen dört tigirli arabanyň palçykdan ýasalan şekili hem mundan IV müň ýyl ozal Türkmenistanyň çäginde düýedarçylyk bilen meşgullanylandygyny görkezýär.

Merjen NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary.