Bagabat barada

31 Iýul 2024
589

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan:

— Arheologik maglumatlaryň şaýatlyk etmegine we taryhy golýazmalaryň habar bermegine görä, XV asyrda Änewiň ilatynyň sany birden köpelýär. Şähergurluşygynyň tutýan meýdany giňäp, gala diwarlarynyň daşyna çykýar, şäheri gurşan meşhur baglary bilen tanalan rabadyň çägi has hem ulalýar. Ähtimal, şol gülläp ösen bagy‑bossanlyk zerarly, şäheriň ady hem üýtgedilip, ol Bagabat adyna eýe bolandyr. Giçki orta asyr golýazmalarynda Nusaýyň golaýynda ady tutulýan Bagabat şäheri hut Änewdir diýip, alymlar nygtaýarlar.