HABARLAR

Täzelikler

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary üçin örän şowly ýyllaryň biri boldy. Olar önümçilik meýilnamasyny möhletinden öň artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýylyň soňuna çenli bu görkeziji has ýokary boldy. Fabrik boýunça meýilnamada görkezilen 35 million 506 müň 179 manatlyga derek 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamadan daşary onlarça million manatlykdan hem gowrak önümiň artyk öndürilendigini aňladýar. Fabrigiň zähmetsöýer adamlary bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny subut etdiler. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümleriň hyrydarlarynyň göwünlerinden turýar. Fabrikde, esasan, harbylar üçin geýimleriň uly topary, şol sanda ulular we çagalar üçin eşikler tikilýär. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda ozal daşary ýurtlardan getirilýän mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragynyň öndürilmegi önümçiligiň giňändiginden habar berýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda hem zähmet gadamlary batlanýar.

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Eziz Arkadagymyzyň: «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Älem-jahan — mähir mukamy» diýen şahyrana setirleri biziň her birimiziň ruhy ganatymyza, rowaçlyklara höweslendirýän baş şygarymyza öwrüldi. Zeminiň abadançylygyny, asmanyň asudalygyny ýaşaýşynyň ebediligine, durmuşynyň manysyna deňeýän halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk arkaly gazanylýan şanly ösüşleriň eşret-hözirini görýär, erkana ýaşaýar we ýüreginde beslän maksadyna sary ynamly gadam urýar.

Döwre buýsanç işjeňligi artdyrýar

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz täze ― 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiz hususy pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmelerden habarly bolmagyny gazanmak ugrunda-da degişli tabşyryklary berdi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, esasy işi merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybarat bolan bu düzümler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Zerhal  NARMAMEDOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji:

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 7-nji ýanwar (TDH). Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Bagt gadamy mübärek!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan eziz ýurdumyzyň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen täze, 2021-nji ýyly garşy aldy. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragyna mübärek gadamy bilen gelen bu ýylda ata Watanymyzy şöhratlandyrýan uly toýumyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Eziz Diýarymyzda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň bosagasynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy hem-de geljek ýylda öňde durýan maksatnamalaýyn wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýyl «Halkara parah

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

TEJRIBE ALŞYLDY AHAL. Welaýatyň şäherdir etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Okuwlaryň barşynda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalary, sanly serişdeleri sapakda giňden peýdalanmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribesini öwrenmek, ýaýratmak, şeýle-de ýaş nesli ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere üns çekildi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bu okuwlaryň barşynda umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Birek-biregi ýyllaryň gelmegi bilen gutlamakdaky arzynyň aňyrsyna göz ýetmez. Muny diýmek bilen nämäni ýaňzytjak bolýan?! Kesgitli ömrüň her bir pursatyna gadyr goýmalydygyny ýatlatsam diýýän. Şol zerurlyga düşünmek diňe birimize däl-de, barymyza hökmany. Toýly günleriň gujagyndan jyda düşürmesin Biribar. Türkmene salan nazary sowulmasyn, hemişelik bolsun! Onda asudalyk, abadanlyk, imisalalyk bar. Ömrüň düzümini düzýän dürler dünýäni emele getirýändir. Şol lezzeti, eşreti, eziz halkyna eçilýän hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan bimöçber işleri rowaçlyklara beslensin!

Gymmatlyklarymyz dünýä mirasynda

ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň hem-de türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça işler ýola goýuldy. Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer ugur esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň gadymy milli däp-dessurlaryny, pähimlerini we medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň çar künjeginde medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilata elýeterligini gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda işler amala aşyrylýar. Bu işleri alyp barmak bilen ýaş nesliň millilik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine giň ýol açylýar.

Üs­tün­lik­le­riň çe­me­ni

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­by­nyň oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­na aja­ýyp toý sow­ga­dy bol­dy. Geçen — 2020-nji ýylda mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak­da öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň halk köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da sak­la­ny­lyp ga­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy top­la­mak, ola­ry düýp­li öw­ren­mek, şo­nuň esa­syn­da yl­my iş­le­ri ýaz­mak we hal­ky­my­za ýe­tir­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, il için­den me­de­ni, ede­bi mi­ra­sy­my­zyň dür­li gör­nüş­le­ri ýyg­nal­dy. Şeý­le­lik­de, hal­ky­my­zyň mü­di­mi ru­hy ha­zy­na­sy­nyň üs­ti ýe­ti­ri­lip, de­giş­li de­re­je­de baý­laş­dy­ryl­dy.

Watanperwerligiň beýik nusgasy

Belarus žurnalisti hem-de ýazyjysy Ales Karlýukewiçiň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Ol 1985 — 1988-nji ýyllar aralygynda Aşgabatda ýaşady we türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen dostlukly gatnaşykda bolup, olaryň eserlerini belarus diline terjime etdi. Bu günki günde Ales Karlýukewiç ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýar hem-de häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini belarus dilinde neşir etmek bilen içgin meşgullanýar. Biz gazetimiziň şu sanynda Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, Belarus Respublikasynyň «Zwýazda» neşir öýüniň direktory, «Zwýazda» gazetiniň baş redaktory Ales Karlýukewiçiň türkmen-belarus edebi gatnaşyklary hakynda gürrüň berýän makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.