Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň ösüşi hem aýdyň şöhlelenýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynda döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrýan, bazar gatnaşyklary hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan kämil kadalar öz beýanyny tapdy.
Jemgyýetimiziň barha ösýän durmuşy milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hukuk ulgamy barha berkeýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kabul edýän kanunlarydyr kodeksleri hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenilip taýýarlanan täze kanunlaryň we hukuk namalaryň mazmuny, gurluşy, döwrebaplygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy bilen tapawutlanýar. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen bagly döwlet dolandyryşyny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek babatda ençeme kanunlar hem-de dürli kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.