Türkmenistanyň Mejlisiniň — 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda karar kabul etmegi halkymyzyň ruhuny joşdurdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň milli gymmatlyk hem-de ýörelge derejesinde durmuşymyza ornaşmagydyr.
Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň alty resmi dilinde çap edilendigi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradylandygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.