HABARLAR

Dostlukly gatnaşyklaryň merkezi

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda täze, 2021-nji ýyla gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl ählumumy abadançylygyň, hoşniýetli dostlugyň alamaty bolup geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol baky bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýan we oňa ygrarlylygy bilen halkara jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp bolan ylalaşdyryjy ýurtdur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu abraýly guramanyň şol mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan ägirt uly işleriniň özboluşly ykr

Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz

(Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi) Dünýäni çagyryp durar jebislige, birlige,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.Bagtyň ajap nurun çaýar ol buýsançly serlere,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.

Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi.

Parahatçylygyň ýoly bilen ynamly ädimler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite iş maslahatyny geçirdi. Elbetde, bu taryhy pursadyň özi tutuşlygyna üstünliklere beslenip tamamlanan ýylyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag Prezidentimiz bu gezekki geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna degişli buýsançly tabşyrygynda «Wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmeli. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlar bilen arkalaşykly işlemeli» diýip belledi. Şeýle hem eziz  Arkadagymyz 2021-nji ýylda dabarasy uludan tutuljak Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hakynda aýratyn bellemek bilen, «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli» diýip nygtady. Ine, şeýle buýsançly hem-de sogaply tabşyryklary

Ýaş nesiller üçin gymmatly gollanma

Hormatly Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby şatlygymyzy goşalandyrdy. Durmuş hakykatyny çeper sözüň üsti bilen beýan etmegiň ussady bolan milli Liderimiziň täze eserinde bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, çärýek asyryň dowamynda Bitaraplyk biziň dillerimiziň senasyna, döwletimiziň parahatçylyk tuguna öwrüldi.

Ösüşleriň täze döwri

Ata Watanymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda içeri we daşary syýasatda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Uly üstünliklere beslenen geçen ýyl türkmen halkynyň aňyna ebedilik ýazyljak taryhy we şöhratly wakalara baý boldy. Muny iki gezek BMG-niň ykraryna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulan ýylymyzda ýurdumyzda durmuş maksatly amala aşyrylan beýik işler we halkara gatnaşyklarda ýetilen belent sepgitler subut edýär. Ösüşleriň täze döwri hökmünde taryhyň sahypalaryndan orun alan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň ählisi, ýurt başyna geçen ilkinji gününden bäri «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň miwesidir. Ynsanperwer milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Bu babatda şeýle uly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Gülleýän, gül açýan eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar

Watan hakda söhbet açylanda kalbyň joşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyz Merkezi Aziýanyň ýüregi bolmak bilen, öz sebitinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm orun eýeleýär. Garaşsyzlyk iň eziz zat. Ol baky bagtymyz. Garaşsyzlyk gazananymyzdan soň, türkmen ýaýlasyna baky bahar geldi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär. Halkara parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny has-da pugtalanýar.

Bagt — parahatçylyk bilen ynamdan başlanýar

Röwşen geljegiň altyn şuglasy

2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanly wakalar bilen tamamlanyp barýan pursatlarynda halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan teklipdir islegleri nazara almak bilen, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde biz — harby gullukçylaryň hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Görşümiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen biziň ählimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar. Elbetde, nesip bolsa, bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen baglany

Waspnama

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna Gözbaş alan pederleriň pendinden,Ýanbermezek hyjuwyndan, erkinden.Asyrlaň aýdymyn baýdak edinen,Tug edinen Arkadagyň pähimin,Geçmişi geljege atarjak menzil.Halky deý joşgunly möwç urýan deňziňGoýnundan gündogar sary uzaýan,Her ädimne kalplaň tary uzaýanÇäginde jem eýlän bagtyň badyny,Äleme ýaň eýläp Watan adyny.Illeri illere dogan eýlejek,Dost etjek halklary birek-birege,Mätäji goldajak dag deý direnip.Ynamy, umydy ganat edinen,Arzuwyn ak ýolda ak at edinen,Abadan durmuşy dünýä ýaň edip, Diňe gowluk bilen özün tanadyp,Aýdyň ýolun Hakdan ha:lat edinen.Ynsanlaň alkyşyn, illeň şükürin,Çagajyklaň bagta siňen şekilin,Göge sary rowan bolan umytlaň,Göge sary dowam bolan maksatlaňÖz myradyna gowuşjak ýyly — Parahatlyk ýyly, ynanyşmak ýyly.