Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açdy. Türkmenistan döwletimiziň adynyň dünýä ýaýylmagy, ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe bolmagy milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkara derejesinde geçirilýän çärelere giň gerim berilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda: «Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk. Netijede, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etdik» diýip belledi.