Baky Bitarap Türkmenistan daşary syýasatda hoşniýetli, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen beýik taglymatynda döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri aýdyň beýanyny tapýar.
Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksadalaýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Parahatçylygy baýdak edinýän ýurdumyz bilen uzak möhletli we köp ugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalar barha artýar. Parahatçylyga, agzybirlige, birek-birege ynam halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Bütin adamzadyň naýbaşy arzuwlaryna, beýik maksatlaryna öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak halkymyzyň müňlerçe ýyl dowam edip gelýän ynsanperwer häsiýetleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ynsanperwer häsiýetler türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip gidipdir. Parahatçylygy goramak — ata-baba däbimiz, bizi beýik halk derejesine çykaran ynsanperwer ýol-ýörelgämiz. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, şu häsiýet, ýol-ýörelge biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasynda durandyr.