HABARLAR

Hoşniýetlilige beslenen menziller

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň üstünliklerine beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda buýsançly başyny belent tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň millilige ýugrulan hoşniýetli syýasaty bilen halkara abraýyny täze belentliklere göterýär. Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer başlangyçlary, halkara ähmiýetli beýik işleri netijesinde diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde-de eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. BMG we beýleki iri halkara düzümleriň Türkmenistana hem-de hemişe parahatçylykly gatnaşyklaryň, asudalygyň we dost-doganlygyň tarapynda çykyş edýän milli Liderimize bolan hormat-sarpasy artýar.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Ertir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan o diýen uly bolmadyk möhletde garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we dünýä ähmiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soň, dünýäde uruş howpunyň öňüni almagyň, adamzadyň röwşen geljeginiň, arzuw-maksatlarynyň amala aşmagynyň hatyrasyna döredildi. Esaslandyrylanda 50-den gowrak agzasy bolan, häzirki wagtda bolsa 193 döwleti özüne birleşdirýän bu guramanyň esasy maksady parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy, adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bilen birlikde, döwletler arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Gül ülkäm Türkmenistan

«7/24.tm», № 07 (90), 14.02.2022. Şükür, toýdan ýetirip dur, saýrar dutar, gyjak-tar,

Kanunçykaryjylyk ulgamynda oňyn özgertmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we bu ugurda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, milli hem-de ählumumy bähbitlerden ugur alynmagy, olaryň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, aýratyn-da ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly hukuk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara gözegçilik edilmegini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly migrasiýa gullugynyň işinde ýüze çykan käbir meseleleri düzgünleşdirýär.

Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär. Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

«Bitarap Türkmenistan» makalalar toplumy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BITARAPLYK – BAKY BAGTYM

Halkyň belent ynamy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwrünň her bir ýylyny döwrebap atlandyrmak halkymyzyň ajaýyp döwrümize we eziz Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjynyň nyşany bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşinň Mejlisinň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Badalga alan täze ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir raýaty hakynda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza halkyň egsilmez ynamynyň, hormat-sarpasynyň aýdyň güwäsidir. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwletimizň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri barha rowaç alsyn! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Watanymyzy şan-şöhrata beslejek ýyllaryň biri bolsun!

Hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlardyr wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolan Harby doktrinanyň binýatlyk ýörelgeleri hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alýar. Geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşdy, ýüze çykýan meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edip, Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli ýörelgedir. Ol ýurdumyzyň Harby doktrinasynda hem ösdürilip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy tassyklandy. Bu maksatnamalaýyn resminama taýýarlananda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç ýerde we hiç zada mätäç bolmaly däldir. Ol azyk bolçulygy, oňaýly harby lybaslar, ygtybarly hem-de oňa

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrdy.

Şatlykly göwünleriň joşguny

Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2022-nji ýylyň şanly baýramçylygyny uly zähmet üstünliklerine besleýär. 2021-nji ýyl eziz Watanymyzyň durmuşynda hiç wagt ýatdan çykmajak taryhy wakalara, amal edilen beýik işlere baý boldy. Şunda halkymyzyň Täze ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habar aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Elbetde, munuň özi bagtyýar eýýamy esaslandyran, Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň «Arkadagymyz» diýip ýüzlenýän milli Liderine uly buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe pugta ynamy beýan edilendir. Bular babatda öňňin ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahatda hem giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen, şu günler Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Sahawatly söwda» çäresiniň geçirilmegi, harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylmagy, 31-nji dekabrda we 1-nji