Halkyň belent ynamy

6 Ýanwar 2022
2756

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwrünň her bir ýylyny döwrebap atlandyrmak halkymyzyň ajaýyp döwrümize we eziz Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjynyň nyşany bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşinň Mejlisinň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Badalga alan täze ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir raýaty hakynda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza halkyň egsilmez ynamynyň, hormat-sarpasynyň aýdyň güwäsidir.

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwletimizň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri barha rowaç alsyn! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Watanymyzy şan-şöhrata beslejek ýyllaryň biri bolsun!

Gurbanbibi REJEBOWA,
welaýat Polisiýa müdirliginň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminň wagyz-nesihat işleri boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.