Berkararlygyň egsilmez güýji
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagy bilen türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdi. Türkmenistany okgunly ösýän ýurt hökmünde bütin dünýä tanap başlady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty geçen döwürde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmagyň, ösüş arkaly parahatçylygyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyjy giňden goldanylyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many-mazmun jemlenýär. Bitaraplyk we parahatçylyk sözleri m