Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasa ýugrulan ylmy-publisistik kitaplary esasynda söhbetdeşlik geçirdik.
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» we hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de beýleki eserlerinden alnan ganatly sözler arkaly ýaşlar mähriban Watanymyzda parahatçylykly zähmeti, asudalygy we erkinligi wasp etdiler. Merdana hem-de edermen ogullaryň Watany beýgeldýändiklerine ýaşlaryň ünsi çekildi. Döwletimiziň dünýäniň iň abraýly hal-kara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri, şeýle-de sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi baradaky söhbetler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.