Welaýat çagalar sungat mekdebinde şu günler Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramlary mynasybetli täze aýdym-saz we tans eserleriniň üstünde işlenilmäge girişildi. Bu işlere mekdebiň ähli mugallymlary we okuwçylary işjeň gatnaşýarlar.
Welaýat derejeli iri dabaralarda hemişe-de täze çykyşlary bilen begendirýän zehinli ýaşlarymyz halypalarynyň ýolbaşçylygynda golaýlaşyp gelýän şanly seneler mynasybetli täze aýdym-saz eserlerini ezberlik bilen özleşdirýärler. Döwlet derejesindäki iri bäsleşiklerde ýeňiji bolan käbir toparlarymyz bolsa birbada çykyşlaryň birnäçesini taýýarlaýarlar. Bu işde Jemal Reýimowa, Suraý Sardarýan ýaly kärdeşlerimiz has işjeňlik görkezýärler.