Hoşniýetli gatnaşyklar syýasaty
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynda biragyzdan kabul edilen Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly syýasaty parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, bütin dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasaty bolany üçin adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şol bir wagtda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň we zähmet çekmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.