HABARLAR

Ýokary guramaçylyk bilen

welaýatymyzda köpçülikleýin ýowar geçirildi Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny toýlamaga uludan taýýarlyk görülýär. Şu şanly seneleri baýram etmäge taýýarlygyň çäklerinde obadyr şäherlerimizde daş-töweregi abadanlaşdyrmak, baglara timar bermek işlerine hem giň gerim berilýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni şu maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ýowar geçirildi. Bu il-ýurt bähbitli çärä hormatly Prezidentimiziň hut özi gatnaşyp, watandaşlarymyza şahsy göreldesini görkezdi.

Ekologiýa syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň durmuş ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleleri çözmek babatynda beýan edýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen utgaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.

Berekediň gözbaşy

Her damjasy zere deňelýän suwy halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, oňa çäksiz sarpa goýupdyr. Onuň bisarpa ulanylmagyna ýol bermändir. Mahmal toprakdan ýokary hasyl almagyň ýollaryny jepakeş pederlerimizden miras galan zähmetsöýerlikden, ene ýere bolan yhlasdan gözleýän halkymyz derde derman suwy uly mukaddeslik hasaplaýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan suw diplomatiýasyna ünsi çekýär. Ýurdumyzyň suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda yzygiderli abatlaýyş we gurluşyk işleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Bol suwly durmuş hakynda arzuw edip, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, biz bu gün jana şypaly mele suwumyzy rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, täze suwarymly ýerleri özleşdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we halk hojalygynyň ösmegi bilen baglylykda ulanylýan suwa bolan isleg barha artýar. Şoňa baglylykda, suw baýlyklarynyň ýerlikli we aýawly peýdalanylmagy, onuň hapalanmagyna garşy giňişleýin köptarapl

Ekene sogap bar

Bir agaç ekmegiň sogabynyň näderejede uludygy barada hemmeler bilýän bolsa gerek. Sebäbi seniň eken agajyň saýasynda adamlar dynç alýarlar, yssydan goranýarlar. Eger sen miweli agaç ekseň, onuň datly miwesinden uly-kiçi hemmeler datýar. Şeýdip adam agaç ekmek bilen uly sogap gazanýar. Biziň ýurdumyzda bag ekmek hem-de daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Baharyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Oňa ildeşlerimiziň ählisi gatnaşýar. Biz hem mekdebimiziň talyplary we bilim işgärleri bolup bag ekmek ýaly sogaply işden çetde durmaýarys. Oňa ählimiz bir adam ýaly bolup, agzybirlikde gatnaşýarys. Hut şonuň üçin mekdebimiz gür baglyga bürenip dur. Owadan güller, asman bilen bäsleşýän daragtlar mekdebimiziň görküne-görk goşýar. Gülleriň we agaçlaryň sagdyn ösmegi üçin mugallymlarymyz uly adala edýärler. Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi, ozaly bilen howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly wajyp meselelerdir. Olar mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tut

Tebigatyň gözelligini goramak mukaddes borçdur

Eziz Diýarymyzda milli baýlyklarymyz bolan tebigatymyzyň gözelliklerini, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamaklyga, oňa eýeçilik gözi bilen garamaklyga uly üns berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda ýurdumyzda ýola goýulýan döwletli tutumlar hem-de bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan döwlet syýasatynda tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamaga, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge uly üns berýändigini görkezýär. Ählumumy goldawa eýe bolýan şeýle tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup, kabul edilýän kanunçylyk namalary hem-de uzak möhletleýin maksatnamalar berkarar Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär. Daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleri agzybir halkymyzyň abadan, eşretli hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimize aýdýan hoşallyk sözlerimiz egsilmeýär.

Saýaly hem barly baglar

Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köp mukdarda agaç nahallary oturdylýar. Bag ekmek möwsüminiň başlanmagy hemişe uly joşguna, dabaralara beslenýär. Bu möhüm ähmiýetli çärä hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi obalarymyzda, şäherlerimizde bag ekmegiň ýokary derejede guralmagyna ýardam edýär. Şu ýylam şeýle boldy, bag ekmek guramaçylykly başlandy, gyzgalaňly dowam etdirilip, ýakyn wagtda tamamlanar. Bu gün ýaşyl öwsüp oturan baglar göwünleri göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hatara uzaýan tokaý zolaklaryny, ajaýyp köçelerine bezeg berýän daragtlaryny, keşbini özgerden şäherlerimiziň baglaryny we beýlekileri biparh synlamak mümkin däl. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işler bu meselä uly üns berilýändigini tassyklaýar. Ozalky ekilen baglar indi saýa salýar, bar getirýär. Belli bolşy ýaly, bag ekmek çäresine öňünden taýýarlyk görülýär, nahallar taýýarlanylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde-de birnäçe işler alnyp barylýar. Bölümimiziň öz nahalhanasy bar. Onda agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirýäris.

Tebigaty goramakda täze çelgiler

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, obasenagat toplumyny tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sanly ulgama geçilmegi pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär. Köpçülikleýin innowasion tehnologiýa geçmek önüm öndürmek boýunça bäsdeşlige ukyply kärhanalaryň köpelmegine getirýär. Olaryň ykdysady taýdan netijeliligi ýokarlanýar, girdejileri artýar. Her pudakda, meselem, maldarçylykda her bir mal boýunça hasaplamalary awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmak işine girişildi. Ösen önümçilik we tohumçylyk hojalyklarynyň, barlaghanalaryň we weterinar gulluklaryň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygy başlandy. Bu bolsa tejribe toplamaga ýardam berýär. Oba hojalygynda resminamalar bilen işleşmek elektron görnüşe geçirildi. Maglumatlary barlamak hem ýeňilleşdirildi.

Ekologiýa sazlaşygy — ömre dowamat

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýärler. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýylganlygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 30 ýylyň dowamynda çapylmagy, ýangynlaryň döremegi we beýleki täsirler netijesinde, Ýer ýüzünde tokaýlaryň 178 million gektary ýok bolupdyr.

Her kim bir agaç ekse ýadygär...

Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky başlangyçlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda asuda Watanymyzda şanly günleriň şanyny beýik işler bilen birlikde, agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi şanly geçmişimize hormaty, ajaýyp şu günümize buýsanjy, ýagty geljegimize bolan ýagşy arzuwlarymyzy alamatlandyrýar. Ekologiýa we adam saglygy biri-birinden aýryp bolmaýan düşünjelerdir. Döwletimizde halkyň saglygy iň gymmatly baýlykdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak arkaly adamlaryň saglygyny gorap saklamak kanunçylyk taýdan berkidilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip berkidilýär.

Daşky gurşawy goramak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirilýär. Döwletimiz ekologiýa babatynda ýurt, sebit we dünýä möçberindäki wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlygy alyp barýar.