Eziz Diýarymyzda milli baýlyklarymyz bolan tebigatymyzyň gözelliklerini, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamaklyga, oňa eýeçilik gözi bilen garamaklyga uly üns berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda ýurdumyzda ýola goýulýan döwletli tutumlar hem-de bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan döwlet syýasatynda tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamaga, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge uly üns berýändigini görkezýär. Ählumumy goldawa eýe bolýan şeýle tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup, kabul edilýän kanunçylyk namalary hem-de uzak möhletleýin maksatnamalar berkarar Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär.
Daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleri agzybir halkymyzyň abadan, eşretli hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimize aýdýan hoşallyk sözlerimiz egsilmeýär.