Her kim bir agaç ekse ýadygär...

1 Aprel 2021
1878

Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky başlangyçlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda asuda Watanymyzda şanly günleriň şanyny beýik işler bilen birlikde, agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi şanly geçmişimize hormaty, ajaýyp şu günümize buýsanjy, ýagty geljegimize bolan ýagşy arzuwlarymyzy alamatlandyrýar.

Ekologiýa we adam saglygy biri-birinden aýryp bolmaýan düşünjelerdir. Döwletimizde halkyň saglygy iň gymmatly baýlykdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak arkaly adamlaryň saglygyny gorap saklamak kanunçylyk taýdan berkidilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip berkidilýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.