Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hemişelik Bitaraplyk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. Dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär.
Dünýädäki syýasy ýagdaýlaryň çalt we çylşyrymly özgerýän şertlerinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli pugtalandyryp gelýär. Geçen çärýek asyrlyk taryhy döwrüň dowamynda toplanan baý tejribe Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň ynamyny doly ödändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady bolup durýan hemişelik Bitaraplyk halkara hukugynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy, onuň daşary syýasy strategiýasynyň açyklygy we anyklygy ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynda, şeýle hem sebit we halkara derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeginde aýdyň şöhlelenýär.