HABARLAR

Şypalydyr çeşme suwy, baglary

Tomus paslynda göwnüň gür bagly, çeşme-çaýly dag howasyny küýseýär. Belent dagdan akyp gelýän dury çeşmäniň sowuk suwundan ganyp-ganyp içesiň gelýär. Şu pursatda güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendaga gezelenç etmegiň lezzeti bir başga. Çig mal gorlaryna, tebigy baýlyklara eýe bolan Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, köp sanly gowaklarydyr gerişlerinde-de dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelýän täsinlikleri görmek bolýar. Ýurdumyzyň günorta gündogarynda, Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän Köýtendag ülkesi tebigy gözellikleri — täsin gowaklarydyr dereleri, kölleridir melhem suwly çeşmeleri, arça tokaýlyklary bilen göreni haýran edýär. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy, köp sanly karst gowaklary, 1300—1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzy, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, «Gaýnarbaba» ýyly suw çeşmesi, «Kyrkgyz» gowagy... olaryň haýsy birine barsaň-da, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Köýtendagyň jülgeleri-de, gowaklary-da giden bir taryh. Geliň, olaryň käbirleri bilen gaýybana tanyş bolalyň. Gaýnarbaba çeşmesi. Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän

Eko­lo­gi­ýa hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr

AŞ­GA­BAT, 21-nji iýun (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýurt mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de hem-de bu me­se­le bo­ýun­ça se­bit­le­ýin iş­le­ri alyp bar­mak­da gol­da­mak we kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mek” tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len gur­na­lan Ut­gaş­dy­ry­jy se­riş­de bo­ýun­ça bi­rin­ji iş du­şu­şy­gy açyl­dy. Bu ge­zek­ki ge­çi­ril­ýän iki gün­lük du­şu­şy­ga Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Da­şa­ry iş­ler, Ada­lat, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, Bi­lim, Ener­ge­ti­ka, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri, şeý­le hem Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.

Daşky gurşawyň goragy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara maslahatlarda we forumlarda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olaryň gorlaryny köpeltmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýer-suw baýlyklaryna rejeli çemeleşmek ýaly döwrüň möhüm meselelerini öňe sürýär. Şeýle başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, sebit we halkara derejede möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi milli kanunçylyk kadalaryny Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasynyň, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň, Howply galyndylaryň serhetaşyr daşalyşyna we ýok edilişine berk gözegçilik etmek boýunça Konwensiýanyň, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgeleri hem-de kadalary bilen utgaşykly sazla

Ekologiýa abadançylygy hemmeleriň bähbidine

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda wajyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Ekerançylyk ýerlerinden gelýän zeý suw akabalarynyň Garaşor çöketligine ýygnanýan ýerinde döredilen emeli kölüň ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, balyk hojalygyny ösdürmekde, zeý suwlaryny ulanmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol oba hojalyk maksatly täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde hem giň mümkinçilikleri açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda hem uly işler amala aşyrylýar. Her ýylda baglaryň millionlarça düýbi ekilýär. «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylýan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Aral: eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet

Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi äh­li döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da mil­li Li­de­ri­miz 25-nji maý­da ge­çi­ri­len BMG-niň ga­zy­lyp alyn­ýan se­na­gat bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li äh­lu­mu­my fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da: «Dün­ýä­de iri se­riş­de ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan we bu ugur­da öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly dü­şün­ýän Türk­me­nis­tan önüm­çi­lik mak­sat­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň ara­syn­da de­ňe­çer­li­gi sak­la­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýar» diý­mek bi­len, mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, onuň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, jan­ly te­bi­ga­tyň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni sak­lap gal­mak we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýär we bu ugur­da aý­ra­tyn iş­jeň­lik gör­kez­ýär. Aral ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu

Ekologiýa diplomatiýasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynda ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň abadançylygy, arassalygy, tebigy serişdeleriň aýawly we rejeli peýdalanylmagy, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan beýik işleri we geljegi nazarlaýan başlangyçlary dünýä halklarynyň bähbidine, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň özi döwletimiziň syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirine garşy göreşmekde, suw-energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara ýurtlary bilen guramaçylykly işleri alyp barýar. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň we senagat galyndylarynyň zyýanlaryny azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekolog

Suw kanunçylygynyň hukuk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, zeýkeş ulgamlaryny doly güýjünde işletmek, ýer kadastryny dogry ýöretmek bilen baglanyşykly anyk wezipeler kesgitlendi. Bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Tebigaty söýmek, ony goramak her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar. Tomus paslynda howanyň yssy bolmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn hadysasynyň ýüze çykmasynyň öňüni almak wajyp wezipedir.

Halkymyzyň baýlygy

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, biodürlüligini gorap saklamak bütin dünýäde möhüm meseledir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu babatda nusgalyk işler bitirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky berk arabaglanyşygy kepillendirýär, düzgünleşdirýär. Milli Liderimiz tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, daşky gurşawyň gözelliklerini goramak babatda diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejesinde hem nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyz ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan möhüm wezipä toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu ugurda ençeme wajyp kanunçylyk namalaryny kabul etdi. Şolaryň biri hem «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun ýurdumyzyň haýwanat dünýäsini durnukly dolandyrmak, yzygiderli ösdü

Eşretli ýaşaýşyň özeni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan halkymyzyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda alyp barýan taryhy özgertmeleri eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň onlarçasyny tassyklady.