Suw kanunçylygynyň hukuk binýady

16 Iýun 2021
2095

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, zeýkeş ulgamlaryny doly güýjünde işletmek, ýer kadastryny dogry ýöretmek bilen baglanyşykly anyk wezipeler kesgitlendi. Bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksi kabul edildi.

Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.