Tomus paslynda göwnüň gür bagly, çeşme-çaýly dag howasyny küýseýär. Belent dagdan akyp gelýän dury çeşmäniň sowuk suwundan ganyp-ganyp içesiň gelýär. Şu pursatda güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendaga gezelenç etmegiň lezzeti bir başga. Çig mal gorlaryna, tebigy baýlyklara eýe bolan Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, köp sanly gowaklarydyr gerişlerinde-de dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelýän täsinlikleri görmek bolýar. Ýurdumyzyň günorta gündogarynda, Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän Köýtendag ülkesi tebigy gözellikleri — täsin gowaklarydyr dereleri, kölleridir melhem suwly çeşmeleri, arça tokaýlyklary bilen göreni haýran edýär. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy, köp sanly karst gowaklary, 1300—1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzy, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, «Gaýnarbaba» ýyly suw çeşmesi, «Kyrkgyz» gowagy... olaryň haýsy birine barsaň-da, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Köýtendagyň jülgeleri-de, gowaklary-da giden bir taryh. Geliň, olaryň käbirleri bilen gaýybana tanyş bolalyň.
Gaýnarbaba çeşmesi. Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän bu çeşme keramatly hasaplanýar. Kükürt wodorodly dag çeşmesinden gyzgyn mineral suw çykýar. Ol deri we aşgazan-içege kesellerini bejermek üçin peýdaly. Onuň palçygy deri, bogun, sowuklama kesellerini bejermekde ulanylýar. Bu ýere ýerli ilat we sebitiň ýaşaýjylary, şeýle-de ýurdumyzyň çar künjeginden dynç almaga hem-de saglygyny dikeltmäge gelýänler kän. Olar dury suwly Gaýnarbaba kölüne düşüp, hezil edýärler.