Özboluşly sazlaşyk

8 Iýun 2021
2014

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuş we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli işiň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňelýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Oguljahan HOMMYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.