HABARLAR

Tebigatyň gözelliklerini aýalyň!

Yssy howaly günlerde tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň dogduk topragyna tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda ýiti duýulýar. Hut şonuň üçin hem tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly, etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek. Tebigata çykanyňda, ot ýakmak gadagandyr, munuň özi ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine sebäp bolýar. Eger ot ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, ot ýakylan ýere gum sürüp, közüni mazaly öçürmeli, onuň öçendigine magat göz ýetirip, ol ýerden gaýtmaly. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Gün şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldiris. Mundan başga-da, tebigata ulagly çykan adamlar awtoulagyň, aýratyn hem onuň tüsseçykaryjysynyň gurat bolmagy barada aladalanmalydyr. Bu enjam ýörite uçgun söndüriji bilen üpjün edilmelidir.

Bulary bilmek gyzykly

Peýdaly brosimum Dünýäde täsin görnüşli hem-de haýrana galdyryjy ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Bu ösümlikler köplenç endemik häsiýetli bolup, diňe belli bir ýerde ösýärler. Olaryň häsiýetli aýratynlyklary, beýleki ösümliklere görä tapawudy, hasylynyň görnüşi, peýdaly taraplary köpleri gyzyklandyrýar. Tutlar maşgalasyna degişli bolan peýdaly brosimum ýa-da süýt berýän bag diýlip atlandyrylýan agajyň gurluş aýratynlygy hem okyjylary gyzyklandyrsa gerek.

Tut agajy

Eziz Diýarymyzyň tebigatyny baglardan, agaçlardan düzülen zolaklar bezeýär. Gök agaçlar seýilgähleriň, köçeleriň bezegi, şeýle hem binalaryň töweregine görk berýär. Ösümlikleriň, agaçlaryň tozana garşy göreşde ähmiýeti örän uludyr. Olar ynsany diňe bir tozandan goraman, eýsem ýaşaýyş üçin zerur bolan peýdaly fitonsitleri hem bölüp çykarýarlar. Agaçlaryň görnüşleri örän köp, olara pürli ýaprakly agaçlar, gyrymsy agaçlaryň görnüşleri degişlidir. Biz ýaprakly agaçlara degişli bolan tut agajy barada söhbet etmegi makul bildik.

Täsin otag ösümligi

Araukariýa tebigy şertlerde hemişe gök öwüsýän pürli agaçlar maşgalasydyr. Bu ösümligiň 14 görnüşi hasaba alnandyr. Araukariýanyň boýy 60 metr bolup, şahalary pişek şekillidir. Onuň watany dürli uruglaryna baglylykda Günorta Amerika, Gündogar Awstraliýa, Norfolk adalary we Täze Kaledoniýa hasaplanylýar. Tebigy şertlerde Araukariýa tohumy we çybygy arkaly köpelýär. Tohumlary çalt gögerijiligini ýitirýändigi sebäpli, derrew ekmeli bolýar. Ekilen tohumlary ortaça 18 — 20 gradus yssylykda saklamaly we gögerip kemala gelen nahallary hemişelik ýerine bir gezek göçürip bolýar. Onuň tohumy iýmit hökmünde, pürsi mebel öndürmekde giňden ulanylýar. Onuň birnäçe görnüşi Gara deňziň kenarynda, Kawkazda hem ösýär.

Janly köprüler

Şeýle täsinlikleriň birine Hindistanyň gündogarynda Meghalaýa ştatynyň Çerapunji şäheriniň tropiki tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Bu täsinlik «Janly köpri» bolup, oňa tebigy ýadygärlik diýilse hem ýalňyş bolmaz. Janly köprüleri gurmak däbini hindileriň Khasi we Jantiýa taýpalary saklap gelipdirler. Bu taýpalar fikus agajynyň howa köklerini ösdürip, derýanyň beýleki kenaryna gönükdirmek üçin bambuk ösümliginiň şahalaryny ulanypdyrlar. Bambukdan başga-da, Betel palmasynyň oýulan şahalarynyň içinden agajyň ösýän köküni goýberipdirler. Fikus agajynyň kökleri tiz ösýär. Agajyň kökleri beýleki kenara çenli ösüp, gaýalara we kenarýaka topragyna çalt aralaşýarlar. Janly köprüni gurmak üçin azyndan 15 ýyl gerek bolýar. Fikus agajynyň ýaşy näçe uly bolsa, köpri şonça-da berk bolýar. Ýyllaryň geçmegi bilen köpri dargamaýar-da, tersine, has-da berkleşýär. Ýerli taýpalaryň aýtmagyna görä, häzirki döwre çenli saklanyp gelýän janly köprüleriň ýaşy 100 – 150 ýyla barabardyr. Has uzyn janly köpriniň boýy 50 metre golaý bolup, Hindistanyň Mawkirnot we Rangtillan obalarynyň arasynda ýerleşýär.

Tebigaty goramak — ählumumy wezipe

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda «Gazylyp alynýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» atly mowzuk bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda senagat önümçiliginiň zyňyndylarynyň daşky gurşawa edýän zyýanly galyndylaryny peseltmek boýunça Türkmenistanda uzak möhletli, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, adamzadyň umumy öýi bolan tebigatymyzy goramak boýunça täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Ynsan bilen tebigaty biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki ynsanyň ömri, has oňaýly ýaşaýyş şertleri, maddy üpjünçiligi tebigatyň baýlyklary we onuň ekologiýa mümkinçiliklerine esaslanýar. Şol bir wagtda tebigat ynsanyň iň ýakyn lukmanydyr. Onuň esasy bejeriş güýji Günüň mylaýym şöhlesinde, arassa howasynda, süýji suwunda hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dermanlyk täsirlerine baý gymmatlyklarynda jemlenendir. Şoňa görä-de, tehnologiýanyň häzirki zaman ösen dünýäsinde daşky tebigy gurşawa jogapkärli çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barmak Zeminiň abadançylygyny goramak hem-de senagatyň zyýanly zyňyndylarynyň e

Köýtene geliň!

Geliň, geliň,Seýil edeliň,Gözel Köýtendagyna!Çykyň, görüň,Bakyň, görüň,Gül, miweli bagyna! Dag göwsünde,Ýel öwsende,Daragtlary gol bular.Ýazy bilen,Sazy bilen,Myhmany garşy alar.

Gün daşy

Geliolit daşy, adatça, sary reňkde bolansoň, ol «Gün daşy» diýlip hem tanalýar. Ýöne onuň ýaşymtyl mawy, gyzylymtyl sary, mele we mämişi reňklerine hem seýrek-de bolsa, duş gelinýär. Geliolit daşy ýarym gymmat bahaly daşlaryň sanawyna girmezden, şeýle-de özüni ykrar etdirmezden we adyna eýe bolmazdan ozal synag we derňew baryny geçdi. Daşyň ilkinji resmi ady «natristyý spodumen» diýlip atlandyrylýar. Bu mineraly şeýle üýtgeşik at bilen 1824-nji ýylda şwed alymy Berselius atlandyrýar. Iki ýyl geçensoň, nemes minerology Fridrih Breýtgaupt bu daşyň adyny «oligoklaz» adyna çalyşýar. Diňe 1841-nji ýylda bu gadymy mineral häzirki geliolit adyna eýe bolýar. Geliolit grek sözi bolup, «Gün daşy» diýen manyny berýär. Bu daşyň döreýşi barada birnäçe rowaýatlar hem bar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: Dünýäniň dörän döwri Ýer ýüzünde suwdan başga hiç zat ýokmuşyn. Şeýle-de irden Gün dogýarmyş. Günüň hem aňyrsy-bärsi görünmeýän giň ummanda öz sudruny synlamakdan başga edýän işi ýokmuş. Bir gün özüni synlap ýadan Gün gije dogan Aýy görüp, onuň bilen tanyşmak isläpdir. Ýöne Aý ondan gaçýarmyş. Gün muňa düşünmän, bir hepdeläp ony kowalapdyr, onda-da gabatlaşyp bilmändir. Gün muňa gynanyp, aglanmyş. Onuň gözlerinden akan gyzgyn ýaşlar ýere

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şeýle at bilen golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän deňiz serhet birikmesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 300-nji harbylaşdyrylan ýangyn söndüriji söweşjeň bölüminiň müdiri, uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Meýlis Nepesowyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Gurbanmyrat Abdylweliýew hem-de harby bölümiň harby gullukçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar öz çykyşlarynda ýangynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öz wagtynda pugta berjaý etmek, döwlet emlägine aýawly garamak, ot bilen seresaply bolmagy we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek barada, şeýle hem ýangyn hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça meseleler babatynda aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda edara binalarda we öýlerde elektrik toguny, gaz ýangyçlaryny ulanmagyň tertibinde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek babatynda hem aýdyldy.

Sähra sahawaty

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda gülli ösümlikleriň üç müňe golaý görnüşi ösýär. Şolaryň 200-den gowragy boýag berýän tebigy ýabany ösümliklerdir. Eždatlarymyz öz döwründe şol ösümliklerden dürli reňkli boýaglary öndürmek bilen, onuň bir bölegini Aziýanyň we Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň bazarlarynda satypdyrlar. Ot-çöplerden tebigy boýaglary öndürýänlere «nilgärler» diýlipdir. Olar her bir obada, şäherde bolupdyr. Ussatlaryň öndürýän boýaglarynyň hyrydary-da ýetik bolupdyr. Özüniň hiç wagt solmaýan ýiti reňki bilen meşhurlyk gazanan bu boýaglaryň ot-çöplerden alnyş usullarynyň özboluşly syrlary bolupdyr. Ony nilgärler diňe öz yzyny ýöretjek ýaş, hakyky nilgärlere öwredipdirler. Esasy syryň Garagum sährasynyň özünden başlanýandygy barada pikir hem etmändirler. Muny diňe birnäçe ýyllar geçenden soňra türkmen alymlary, hünärmenleri öwrendiler. Garagum sährasyna Gün şöhlesiniň dik düşýändigi üçin ýiti şöhleden we aşa gyzgynlykdan goranmak üçin boýag berýän çöl ösümlikleriniň käbir gorag häsiýetli maddalary öndürýändigi ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, türkmen sährasynyň boýag berýän ösümlikleriniň kämil derejä ýetendigini aýdyp bileris. Çöl haýwanlarynyň öz reňklerini pasyllara görä üýtgedişi ý