Sähra sahawaty

22 Iýun 2021
1819

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda gülli ösümlikleriň üç müňe golaý görnüşi ösýär. Şolaryň 200-den gowragy boýag berýän tebigy ýabany ösümliklerdir. Eždatlarymyz öz döwründe şol ösümliklerden dürli reňkli boýaglary öndürmek bilen, onuň bir bölegini Aziýanyň we Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň bazarlarynda satypdyrlar.

Ot-çöplerden tebigy boýaglary öndürýänlere «nilgärler» diýlipdir. Olar her bir obada, şäherde bolupdyr. Ussatlaryň öndürýän boýaglarynyň hyrydary-da ýetik bolupdyr. Özüniň hiç wagt solmaýan ýiti reňki bilen meşhurlyk gazanan bu boýaglaryň ot-çöplerden alnyş usullarynyň özboluşly syrlary bolupdyr. Ony nilgärler diňe öz yzyny ýöretjek ýaş, hakyky nilgärlere öwredipdirler. Esasy syryň Garagum sährasynyň özünden başlanýandygy barada pikir hem etmändirler. Muny diňe birnäçe ýyllar geçenden soňra türkmen alymlary, hünärmenleri öwrendiler. Garagum sährasyna Gün şöhlesiniň dik düşýändigi üçin ýiti şöhleden we aşa gyzgynlykdan goranmak üçin boýag berýän çöl ösümlikleriniň käbir gorag häsiýetli maddalary öndürýändigi ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, türkmen sährasynyň boýag berýän ösümlikleriniň kämil derejä ýetendigini aýdyp bileris. Çöl haýwanlarynyň öz reňklerini pasyllara görä üýtgedişi ýaly, çöl ösümlikleri hem Garagumuň aňzagyna-da, jöwzasyna-da özlerini taýýarlaýarlar. Şonuň üçin bu ot-çöplerden, güllerden alynýan boýaglar dürli howa şertlerine durnukly bolýar, aňsat-aňsat solmaýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».