Eziz Diýarymyzyň tebigatyny baglardan, agaçlardan düzülen zolaklar bezeýär. Gök agaçlar seýilgähleriň, köçeleriň bezegi, şeýle hem binalaryň töweregine görk berýär.
Ösümlikleriň, agaçlaryň tozana garşy göreşde ähmiýeti örän uludyr. Olar ynsany diňe bir tozandan goraman, eýsem ýaşaýyş üçin zerur bolan peýdaly fitonsitleri hem bölüp çykarýarlar. Agaçlaryň görnüşleri örän köp, olara pürli ýaprakly agaçlar, gyrymsy agaçlaryň görnüşleri degişlidir. Biz ýaprakly agaçlara degişli bolan tut agajy barada söhbet etmegi makul bildik.