HABARLAR

Ýaşaýşyň özeni

Daglaryň belent gerşine çykyp ýa-da uzak menzillere uçup barýan uçaryň üstünden zemini synlanyňda, dünýäniň şeýle bir giňdigine hem geňdigine şaýat bolýarsyň. Ýer togalagynyň üçden iki bölegini çyrpynyp ýatan ummanlar, deňizdir derýalar, umuman, ümmülmez suw giňişligi tutýar. Aslynda, tebigat ozalyndan hemme zady juda sazlaşykly ýaradypdyr. Hemme zadyň düzüminde suw bar. Adam bedeniniň hem 65 göterimini suw tutýar. Suw bu ýaşaýşyň iň bir möhüm serişdesi hasaplanylýar. Adamlaryň aglabasy derýa-deňizleriň kenarynda dynç almakdan, güýçli akýan derýalaryň tolkunyny synlamakdan lezzet alýar.

Ýaşyl daraklyk

Ýaşyl daraklyk Çökgarlak şekilliler toparynyň daraklyklar maşgalasyna degişli guşdur. Ýylyň gelşine baglylykda aprel aýynyň ortalaryna ýa-da maýyň başlarynda Afrikadan we Aziýanyň günorta böleginden uçup gelýärler. Jübütleri aýan bolandan soň, ilatly ýerlere ýakynrak akabalaryň, derýalaryň gyralaryndaky kertlerde, kä ýerlerde tekizliklerde uzyn çüňkleri bilen topragy keseligine köwüp, penjeleri bilen bolsa topragy daşary çykarýarlar. Olar 1 metr çemesi uzynlykda hin gazýarlar, mäkiýany bolsa ýumurtga basyrar ýaly hininiň aňry gyrasyny giňişräk edýärler. Guşlaryň käbirleri geçen ýylky hinleriniň içlerini arassalap, şol ýerde köpelýärler. Mäkiýany 6-8 sany ýumurtga guzlandan soň, basyp ýatýar. 20-21 günden tüýsüz etene jüýjeleri çykyp başlaýar. Olary mäkiýany horazy bilen bilelikde iýmitlendirýärler. Ýaşyl daraklyklar yssy howada uçmagy halaýarlar. Gowaçalaryň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň üstünden ýapyrylyp uçup, mör-möjekleri uzyn çüňkleri bilen tutýarlar. Soňra birdenem ýokary galyp, howada gaýyp, iýmitini ýuwudýar. Olaryň köpüsi ýakyndaky elektrik geçirijileriň simlerine, ösümlikleriň guran şahalaryna, käwagtlar ýere gonup, mör-möjekleriň uçýan ugurlaryny kesgitleýär. Uçup barýan oljasynyň yzyndan ýokary tizlikde ýetip, inçe çüňk

Tebigatyň nygmaty

Türkmen tebigaty ösümlikler we janly-jandarlar dünýäsine baýdyr. Tebigatyň ynsanlara eçilen nygmatlarynyň arasynda ary balynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda uly ähmiýeti bardyr. Ol diňe bir iýmit däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda çig mal hökmünde hem ulanylýar. Ary baly adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni alýar we bedeni gurplandyrýar. Halk lukmançylygynda ary balyndan has irki döwürlerde hem peýdalanypdyrlar. Ary baly öz düzüminde C, E, B ýokumlaryny, alýumin, sink, nikel, ýod, demir, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementleri, foliý we pantoten turşusyny saklaýar. Ary baly wiruslara garşy antibakterial häsiýete eýedir. Ol sowuklama kesellerinde burun dykylmasynyň öňüni alýar, üsgülewügi bejerýär. Arynyň baly garylan süýt sowuklamany bejermekde has-da peýdalydyr. Baly bellenen möçberde yzygiderli ulanmak işe ukyplylygy artdyrýar, sport türgenleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Jandarlar dünýäsinden

Atlar çola ýerden barýarkalar, öňde howply bir zat bar bolsa, hereketleri bilen şol ugra gitmejekdiklerini eýesine duýdurýarlar. Golaý ýerde haýsydyr bir ýyrtyjynyň ýa-da duşmanyň bardygyny, eger-de atyň eýesi atynyň häsiýetine belet bolsa, onuň hereketinden, toýnak urşundan aňyp bilýär. * * *

Köýtendagyň daşa öwrülen haýwanlary

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanylýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapyldy we olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi alymlar tarapyndan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol tapyndylaryň, arasynda balykgulaklaryň — ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülüňleri bar. Ammonitiň daşyň ýüzünde galan şekilini Köýtendag etrabynyň adamlary «möhür daşy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu «möhür daşy» etrabyň Hojapil obasyna golaý ýerde, «Pälwan daşy» ýadygärliginiň ýakynynda, uly ýoluň sag tarapynda ýerleşýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Ata kesbini halallaýan ogul

Meniň asly türkmengalaly, häzirki wagtda Mary şäherinde ýaşaýan Bäşim Ýusupdurdyýew bilen tanyşlygyma 15 ýyldan gowrak wagt boldy. Şondan bäri hem men onuň bilen gadyrly gatnaşykda. 2019-njy ýylyň maý aýynyň 14-ine ol meni öýüne çaýa çagyrdy. Men bir-iki sany ýoldaşym bilen olara myhmançylyga bardym. Barsak, Bäşim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabyny daşyna üýşüripdir, töwereginde bolsa ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlan melhemlerini çykaryp goýupdyr. Biz tagamdan soň, töwir etdik--de, derde derman bolýan melhemler bilen gyzyklanyp başladyk.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Bag – bossanly Diýarym!

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, edara binalary, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly binalar, dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Görenleri haýrana goýýan bu ajaýyp binalaryň ýan-ýodalary tertibe salnyp, ol ýerlere saýaly, pürli we miweli agaçlaryň dürli görnüşleri oturdylýar. Oturdylan baglar, al-elwan güller bilen bir hatarda, häzirki zaman suw çüwdürimleri hem bu gözellikleriň üstüne gözellik goşup, giden bir ajaýyplyklary döredýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.