HABARLAR

Salam, päk arzuwlaryň pasly

Salam güýz, salam, zerbap donly pasyl! Altyn ysyrgaňy dakynyp, bosagadan ätleýşiň, gül kamatyňa sünnä bilen timar berip gelşiň köňülleri bendiwan eýleýär. Sary ýapraklara gujagyndan orun beren güýzüň zerbap kamaty didelerimizi dokundyrýar. Töwerek zerden don geýipdir. Asmana seretseň, ol ýaýlyp ýatan giňişlik zerbap halyny düşenen zemine maýyl bolup bakýar. Ýapraklaryň pyşyrdysyny diýsene?! Baglaryň içi bilen haýaljakdan ädimläp barşyňa, ýere düşelen ýapraklaryň şybyrdysyna diň salarsyň. Olar her güýzde topraga düşelip, mymyk çybşyldylaryny tebigata ýaýýar. Hon-ha, ýabyň boýunda ösüp oturan leýlisaç, güýzüň aýdymyny aýdýar. Onuň şelpeleriniň — ýapraklarynyň owazynda bu barlyga mizemez söýgi hem bendiwanlyk jem bolupdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +29... +31° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Ýyl­dy­za iň ýa­kyn dag

Dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy­nyň Gi­ma­laý dag­la­ryn­da­ky Ewe­rest (Jo­mo­lung­ma hem di­ýil­ýär) de­pe­si­di­gi hem­mä mä­lim bol­sa ge­rek. Em­ma bu kes­git­le­me be­lent­li­giň öl­çe­nip baş­lan­ýan ýe­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Ewe­rest or­ta­ça de­ňiz de­re­je­sin­den öl­çe­nen­de iň be­ýik dag (8 müň 848 metr) ha­sap­lan­ýar. As­lyn­da, Ýer ýü­zü­niň iň be­ýik no­ka­dy as­ma­na iň ýa­kyn no­kat bol­ma­ly. Em­ma bu da­gyň çür de­pe­si Ýe­riň kos­mo­sa iň ýa­kyn no­ka­dy däl. Ewe­rest Ýe­riň mer­ke­zin­den iň uzak­da­ky no­kat hem däl. Mu­nuň se­bä­bi da­gyň be­ýik­li­gi­niň de­ňiz de­re­je­si­ne gö­rä öl­çen­me­gi bi­len bag­ly. Ýer to­ga­la­gy­nyň mer­ke­zi ha­sa­ba al­nan­da, iň be­ýik dag And dag ul­ga­myn­da­ky Çim­bo­ra­so ha­sap­lan­ýar. Bu da­gyň pla­ne­ta­my­zyň mer­ke­zin­den uzak­ly­gy 6 müň 384 ki­lo­metr­dir. Bu gör­ke­zi­ji Ewe­rest­de 6 müň 382 ki­lo­metr. Ara­da­ky ta­pa­wut ba­ry-ýo­gy 2 ki­lo­metr hem bol­sa, Çim­bo­ra­so has be­ýik ha­sap­lan­ýar. Iki da­gyň ara­syn­da­ky ta­pa­wut ýe­riň tos-to­ga­lak däl-de, bir­ne­me süý­ri bol­ma­gy bi­len bag­ly. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer to­ga­l

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 9-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Döwrüň täsin gudraty

Dünýe döräpdir-de munda ençeme täsinliklere duş gelmek bolýar. Tebigy gözellikler, ynsan paýhasy bilen dörän täsinlikler ençeme asyrlaryň gyzyklanmasyny özüne siňdirip gelýärler. Biziň häzirki gürrüňini etjek bolýanymyz döwrüň täsin gudraty hasaplanýan «Altyn asyr» Türkmen köli. Türkmeniň göwnüňe jüňk bolýan sözleri bardyr. Pederlerimiz «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşýarkaň, hakykatdanam, ynsanyň eli bilen döreýän bu kölüň asyrlara uzajak tarypynyň süýji söhbetlerden başlanjakdygyna göz ýetirýärsiň. Ajaýyp zamanamyzyň taryhynda, dünýäň kartasynda mynasyp yz goýjak «Altyn asyr» Türkmen köli döwrüň gudraty bolup görünýär. Aňyrsyna göz ýetmeýän sähralykdan gadam urýarkaň näçe ümsümligem bolsa içiň gysmaz. Çünki ol ümsümlik saňa gözelligiň tarypyny sözleýändir. Eger ýoluň düşüp Garagum sähralyklaryna syýahat edäýseň, altynsow çägeleriň aýdymy gulagyňa hoş ýakar. Jahan ýagtylyp ugrandan ýaňaklaryna säheriň nemini siňdiren çägeler dür dänejikleri kimin öwşün atýandyr. Gözüňi gamaşdyrýan gözellik döwrüň bagtyýarlygy bilen sazlaşýandyr. Haýwanat hem ösümlik dünýäsine baý sähralygy synladygyňça döwrüň beýikligi açylýar. Munda ösüş

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Arnap tokaýjygynyň gözelligi

Güneşli ülkämiziň gözel tebigaty täsinliklere örän baýdyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlyklara eýe bolan künjekleriniň biri hem Köýtendagdyr. Bu ýeriň haýwanat we ösümlik dünýäsinde dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelinýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň hakyky dürdänesi bolan bu ajaýyp ýer tebigaty söýüjiler üçin hakyky jennet mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň I tomunda arnabyň dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, şypalanmak hakynda giňişleýin we düşnükli beýan edilýär. Häzir bu täsin ösümlik ýurdumyzyň köp ýerlerinde medeni ösümlikleriň hatarynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Balyklar hakda täsinlikler

Dünýäde iň uly balyk kit akulasydyr. Ýer ýüzünde öň ýaşap, häzirki wagtda ýitip ýok bolup giden balyklaryň arasynda iň iri balyk— megalodon (akulanyň aňyrsy) we lidsihtis (planktonlar bilen iýmitlenýän aşa äpet balyklaryň geçmişdäki görnüşi) balyklarydyr. Olaryň ululyk ölçegleri 16-18 metre ýetip, häzirki wagtda hem olara bolan garaýyşlar jedellidir.

Kaknus guşuň owazy

Gadym eýýamda bir patyşalygyň serhowuzly, alma-enarly, gül-gunçaly çarbagynda bir ajaýyp guş saýrar eken. Ol guşuň özi naşyja, kiçijik bolsa-da, onuň şirin owazy patyşalygyň ähli künjegine ýaýrar eken. Ol guşuň owazyny eşiden ýaşaýjylar her bir günlerini şadyýanlykda, bagtyýarlykda geçiripdirler. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmändir. Şol günleriň birinde ýurduň patyşasy agyr näsaglapdyr. Patyşa edilen emler, melhemler netije bermändir. Patyşa gurrandazlaryny, köşk emeldarlaryny, din hadymlaryny ýanyna çagyryp, öz derdine em tapmagy tabşyrýar. Ozaldan hem owadan owaz edýän, adamlara ruhy lezzet berýän saýrak guşdan dynmagyň hajatyny gözläp ýören ýaranjaňlar şol günüň ertesi patyşanyň huzuryna gelip: