HABARLAR

Täsin “orkestr”

Bu wakany maňa heniz kiçijikkäm babam — bagşy we žurnalist Halykberdi Gurbansähedow gürrüň beripdi. Men häzir hem ol gürrüňi ýatlaýan we ýylgyranymy duýman galýaryn. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda babam ýaş hünärmen bolup, Marynyň welaýat halk döredijilik öýünde işe başlaýar. Ol ýerde geljekki atly režissýor Osman Saparow hem işleýärdi. Olar dostlaşýarlar, birek-birek bilen ýakyndan gatnaşýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Ýanardagdan emele gelen ada

Gowaklarda galan gözellikler

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26, 30-njy sanlarynda). GOWAKLAR WE SPELEOTERAPIÝA

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Syry köpdür Köýtendagyň...

Güneşli Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen duýmak gerek. Diňe şonda bu gözellige hakyky baha berip we oňa akyl ýetirip bolýar. Ýurdumyzda olary goramak we iliň hyzmatyna bermek boýunça ýörite goraghanalaryň birnäçesi bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Bu goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Emeli kölüň ýeriň duzlulygyna garşy täsiri

Ösümlikleriň ýaşaýşynda suwuň tutýan orny

Suw ösümlikleriň ýaşamagynda örän uly orny eýeleýär. Dürli-dürli ösümlikleriň 80 – 90 göterimi suwdan ybarat. Ösümlikleriň öýjüklerinde köp mukdarda suw, organiki we mineral maddalar saklanýar. Ösümlikleriň miwesiniň turşy we süýji bolmagy öýjüklerinde saklanýan askorbin kislotasynyň we şekeriň mukdaryna baglydyr. Suw ösümlikleriň dokumalaryna kök ulgamy we ýapraklary arkaly iýmiti getirýär hem-de ýylylygy sazlaýjy bolup hyzmat edýär, ol ösümligiň ýapragynyň üstünden bugarýar. Bu bolsa köp mukdardaky ýylylygy özüne siňdirýär.

Gowaklarda galan gözellikler

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26-njy sanynda). “HAŞYMOÝUK” GOWAGY

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20, 22, 25, 28-nji sanlarynda). KÄKILIKLER

Otagdaky ýaşyl tebigat

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Sebäbi güýz we gyş aýlarynda - tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Mundan başga-da, dürli geografik mesgenleriň açylmagy, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde, dürli güller medenileşdirilip, otaglarda ösdürmäge uýgunlaşdyryldy. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus we beýleki güller otaglarymyzda ýaşyl gülzarlygy emele getirýärler. Otag gülleri, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilýär. Güller öýüň howasyny arassalamak bilen birlikde, ynsan ruhuna hem oňyn täsir edýär. Otag gülleriniň, ýokarda belleýşimiz ýaly, görnüşleri köp bolup, olaryň ideg ediliş usullary hem gelip çykýan ýerlerine görä, dürli-dürlüdir. Şol sebäpden her bir otag gülüniň oňat gülläp, ösüp, boý almagyny isleseňiz, onda