Balyklaryň, guşlaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnüşleriniň mesgen tutan ýeri bolan gojaman Hazar deňzi kesel bejeriş, dynç alyş-sagaldyş gorlary bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň gözegçilik edýän zolagynyň baý janly tebigaty bar. Onda ösümlikleriň, balyklaryň, guşlaryň, süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we beýleki jandarlaryň dürli görnüşleri jemlenýär. Suwda ýüzýän we onuň töwereginde gezýän guşlar bu giňişligiň gözelligine görk goşýarlar. Olaryň bir topary ýerde ýaşamaga uýgunlaşan bolsa, beýlekisi suwda, üçünjisi batgalyk ýerlerde mesgen tutýarlar.
Deňziň ýa-da beýleki bir suw ýatagynyň kenarlaryna baryp, gezelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen, tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlara-da üns bermän, özleriniň iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryň tiz-tizden suwa çümüp, ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuň jümmüşinden ownuk balyjaklardyr leňňeçjikleri agyzlaryna alyp, ýene-de suwuň ýüzüne çykyşlary ünsüňi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryň-da, çagalaryň-da iň eý görýän guşlarynyň biridir.