Suw ösümlikleriň ýaşamagynda örän uly orny eýeleýär. Dürli-dürli ösümlikleriň 80 – 90 göterimi suwdan ybarat. Ösümlikleriň öýjüklerinde köp mukdarda suw, organiki we mineral maddalar saklanýar. Ösümlikleriň miwesiniň turşy we süýji bolmagy öýjüklerinde saklanýan askorbin kislotasynyň we şekeriň mukdaryna baglydyr.
Suw ösümlikleriň dokumalaryna kök ulgamy we ýapraklary arkaly iýmiti getirýär hem-de ýylylygy sazlaýjy bolup hyzmat edýär, ol ösümligiň ýapragynyň üstünden bugarýar. Bu bolsa köp mukdardaky ýylylygy özüne siňdirýär.