HABARLAR

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Armalary ýetirildi Golaýda TDP-niň we TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri bilelikde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda boldular. Täze hasylyň aladasy babatynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, mehanizatorlar bilen özara söhbetdeşlik geçirdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň daýhanlara zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçilikleri, satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuwladylar.

Taýýarlykly garşylandy

Toprakdan bagt tapan

Gurban ýaşlygyndan ekerançylyk, bag, bakja ekinlerini ýetişdirmek ýaly sogaply işlere höweslidi. Atasy Baba aganyň ýer agdaryp, tohum sepip ýetişdirýän ekinleriniň gün-günden boý alyp, gülläp, soňra miwe getirişleri onuň çagalyk dünýäsini haýrana goýýardy. Onuň soraglary geljekde öz ykbalyny ekerançylyk bilen başlajakdygyndan bir nyşandy. Şeýdip, ol atasyndan dürli ekinleri ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwrendi. Häzir Akdepe etrabynyň Gorkut geňeşliginde ýaşaýan, 96 ýaşy arka atan Gurban Babaýew özüniň geçen daýhançylyk ýoly barada şeýle gürrüň berýär: — Meniň daýhançylyk kärini saýlap almagyma atam sebäp bolupdy. Men orta mekdebiň ýokary synpynda okap ýörkämem, mekdebi tamamlanymdan soňam ekinlere suw tutuşmaga, topragy mineral, ýerli dökünler bilen gurplandyrmaga, ekinleri haşal otlardan arassalamaga, ýetişen hasyly ýygnamaga kömek bererdim. Men başga durmuşy göz öňüne getiribem bilemokdym. Ata-babalarymyz «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen topragy sahawatly, keremli toprak. Idegini ýetirip bilseň, ol bugdaýyň-da, pagtanyň-da, bag-bakja ekinleriniň-de bol hasylyny eçilýär. Men muňa öz durmuşymda aýdyň göz ýetirdim. Bir söz bilen aýdanymda, topraga hyzmat edip, rysgally, döwletli boldum.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Zähmet joşýar pellerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz oba hojalyk pudagy boýunça uly ösüşleri gazanýar. Bu pudakda zähmet çekýän her bir oba hojalyk işgärine zähmet çekmäge, toprakdan bol hasyl almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, öndürijilikli işläp, Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.

Limon ýetişdirilýär

Wekilbazar etrabynyň Ak goňur geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ýagtylyk obasyndan daýhan zenan Dürnabat Akyýewa limon hasylyny ýetişdirmegiň ussady hökmünde tanalýar. Ol öz mellek ýerinde ýyladyşhanalarda 400-den gowrak limon daragtyny ekip, indi ençe ýyllardan bäri limon miweleriniň boldumly hasylyny ýetişdirýär. Asly daýhan neslinden bolan bu janypkeş zenan geçen ýyllaryň dowamynda daýhançylykda baý tejribe toplady. Yhlasy, tutanýerliligi bilen limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny ele aldy. Dürnabat ýeňňe limon agaçlarynyň her birine yhlas edip seredýär. Yhlasly zähmet bolsa öz oňyn netijesini berýär. Ol limon agaçlarynyň her düýbünden 350-den 500-e çenli limon miwesini almagyň hötdesinden gelýär. Ynsan saglygy üçin gerekli witaminlere baý bu miwe ýurdumyzyň bazarlarynda ilata hödürlenilýär.

Meýdan işleri ýaýbaňlanýar

Oba hojalygynda möhüm döwür hasaplanýan täze hasylyň düýbüni tutmak işleri Tejen etrabynyň hojalyklarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Etrabyň daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň hasyldan boşan gowaça meýdanlaryny arassalamak, sürüm, tekizleýiş işlerini geçirmek işlerinde tehnikalaryň uly topary bökdençsiz işledilýär. Häzirki günlerden meýdan işlerine girişmek bilen, etrap boýunça geljek ýylyň hasyly üçin 30 müň 100 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirmek meýilleşdirilip, bu iş 8 müň gektardan gowrak meýdanda ýerine ýetirilipdir. Gowaça ekiljek meýdanlaryň saýlanyp alynmagy, ol ýerlerde güýz-gyş çäreleriniň agrotehniki görkezmelere laýyklykda geçirilmegi bilen baglylykda ýerleriň ýaz ekişine birkemsiz taýýar edilmeginde etrabyň hojalyklarynyň arasynda «Babadaýhan», «Tejen» daýhan birleşiklerini, «Gaýratly pälwan» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. Işleriň öz wagtynda alnyp barylmagynda pagtaçy kärendeçileriň arasynda degişli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlarynyň guralyp durulmagy işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagyny şertlendirýär.

Türkmen topragynyň sahawaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalyp, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bagbançylykdan kemal tapan

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmekde amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işlerinden nusga alyp, ýurdumyzyň ak bazarlaryny ýylyň ähli paslynda azyk önümleri bilen üpjün etmekde yhlasly zähmetini gaýgyrmaýan, mellek ýerlerinden ýerlikli peýdalanyp, rysgal tapýan ekerançylarymyzdyr bagbanlarymyz il-günümiziň guwanjy. Şeýle ynsanlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ak wekil geňeşliginiň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Esenguly Kösäýew. Esenguly aga öz hojalygynda maşgalasy bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde, olara ideg edip, bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmakda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. 50 ýaşy tegelän bagban bilen alyp barýan işleri dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Işeňňiri il tanar

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda Lebap welaýatynda hem uly işler amala aşyrylýar. Welaýatda hereket edýän hususy kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem tanalýarlar. Şeýle hususy kärhanalaryň biri hem, Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Biz bu ýerde alnyp barylýan işler barada hususy kärhananyň ýyladyşhanalar toplumynyň iş dolandyryjysy Mahmut Myradow bilen söhbetdeş bolduk. — Mahmut aga, ilki bilen, ýyladyşhanalar toplumyňyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz?!

Ýertudana ýylboýy ösdürilýär

Ýertudana häzirki döwürde ýörgünli ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň biridir. Şonuň ýaly-da, Azerbaýjanda hem ýertudananyň güýzki hasyly ýygyldy. Häzirki döwürde daýhanlar ýertudananyň ekilen topragynyň düzümini täzeleýärler. Ýertudananyň ekiljek topragyny ekerançylar öňünden taýýarlaýarlar. Ösümlik oturdylmazyndan iki hepde öň, topragy polietilen plýonka bilen örtýärler. Şeýle edilende, toprak dykyzlanyp, biraz çöküşýär. Eger, ýyladyşhananyň içindäki howa şertleri talaba laýyk saklansa, miweler fewral aýyna bişip ýetişýär.