Ýerine düşýän yhlas

27 Noýabr 2024
210

Güljemalyň daýhançylyga baş goşanyna 28 ýyl bolupdyr. Ol şol döwürde gowaçadan bol hasyl almakda päk zähmeti bilen hemmelere görelde görkezip gelýär. Ryskyny bereketli ene toprakdan tapan öňdebaryjy oba hojalykçy zenan, Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Allakulyýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Durmuşyňda ykbalyňy nurlandyrýan bagtly pursatlar başyňy Göge diräp, täze üstünliklere rowaçlandyrýar. Dürdäne şygyrlary bilen dünýä edebiýatynda uly yz galdyran dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymy şatlykly wakalar bilen bezän ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Rysgal-bolçulygyň hem berekediň baýramy bolan Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldym. Döwlet sylagynyň gowşurylmagy meniň zähmete bolan hyjuwymy has-da artdyryp, täze üstünliklere galkyndyrýar — diýip, halypa kärendeçi buýsanç bilen gürrüň berýär.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.