Şalyçylaryň zähmet üstünligi

2 Dekabr 2024
191

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Welaýatymyzda öndürilen şalynyň agramly bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginiň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi. Şalynyň idegi ugrunda janypkeşlikli zähmet çekilmegi, ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy edermen şalyçylarymyza ýerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berdi. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Ýusup Hemraýew, Meretdurdy Amanow, Akmyrat Gurbanmyradow, Nepes Gökiýew,  “27-nji oktaýabr” daýhan birleşiginden Annageldi Orazgulyýew, Bagtygül Meredowa, Bahargül Kalymbetowa, Aşyrgeldi Otuzow ýaly tejribeli şalyçy kärendeçiler şalynyň bereketli hasylyny kemala getirmekde köplere görelde görkezmegi başardylar. Şu ýyl şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki “Ykbal açary” hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşandygy bellärliklidir. Olar şaly hasylyny ilkinji gezek ýetişdirýändiklerine garamazdan, 500 gektar ýerden 2 müň tonnadan gowrak “sary altynyň”  hasylyny ýygnamagyň hötdesinden geldiler. Şalyçylarymyzyň zähmet üstünligini gazanmagyna ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlaryň, “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ussahanalarynyň ussalarynyň, pudaga degişli hünärmenleriň aýratyn goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.