HABARLAR

Berekede badalga

Ertir welaýatymyzda gowaça ekişine girişiler Ertir çarşenbe. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji, baharyň bolsa dördünji çarşenbesi. Ertirki gün bereketli türkmen topragynda ýene bir uly tutumyň ― gowaça ekişiniň sähedi bolar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm oba hojalyk möwsümine taýýarlykly gelindi.

Ýüpekçilik — bereket çeşmesi

Bu gün türkmen bazarlaryndaky nepis haly, ýüň-ýüpek önümlerini görmäge göz, waspyny ýetirmäge söz gerek. Biri-birinden owadan öýmelere, gyňaçlara, köýneklik matalara, atlazlara, ýüpek ketenilere gözüň düşende, Diýarymyzda dokmaçylygyň günsaýyn ösýändigine has-da göz ýetirýärsiň. Ýüpek fabriginde öndürilýän ýüpek halylar, sowgatlyk önümler, dürli ýüpek matalar daşary ýurtlaryň harydyny küýsederli däl. Bu zatlary aýtmak bilen, öndürilýän şeýle ajaýyplyklaryň çig maly bolan ýüpegi berýän, göwnüne ýetibilseň girdejisiniň berekedi egsilmeýän ýüpek gurçugy barada söhbet açmakçy bolýarys. Bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalygynda işleýän adamlaryň, çarwalaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem iş-aladasy artýar. Eýýäm fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri geçirilýär. Olaryň saklanyljak jaýlarynyň ýylylyk, çyglylyk derejesiniň talabalaýyk bolmagyny, guşlardan goraglylygy gazanylyp, ýüpek gurçuklaryna zyýan berip biljek mör-möjeklerden goramak üçin dermanlanylýar, üzärlik tütedilýär. Ýylyň gelşine görä, mart aýynyň aýagynda — aprel aýynyň birinji ýarymynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gyzgalaňly başlanýar.

Tekerlerdäki dron — daýhanyň kömekçisi

Sidneý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen «tekerlerdäki dron» oba hojalyk roboty ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi. Günorta Uelsde synagdan geçirilen täze robot eýesine arzan düşýändigi bilen tapawutlanýar. Bu gezek asmana uçman, tekerleriň üstünde hereket etmegi saýlap alan dronuň esasy başarnygy nämede? Ol ekiniň ösüşini ölçeýär we haşal otlaryň ýaýramagynyň öňüni alýar. Gerek bolsa, ýeri bu otlara garşy dermanlap çykýar.

Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA guramasy peruly alymlar bilen birlikde kosmos şertlerinde ýeralma ýetişdirmek boýunça gözlegleri geçirdi. Munuň üçin Perunyň paýtagty Lima şäherinde döredilen «Älem ýyladyşhanasynda» synaglar geçirildi. Ýyladyşhanada howanyň ýylylygy 0 derejeden pese düşürilip, güýçli howa basyşy emele getirildi. Garaz, alymlar Marsdaky şertleri döretmek üçin ähli tagallalary etdiler. Limadaky «Marsyň» ýagtylygy hem hakyky Marsyň gije-gündiz çalşygyna laýyklykda düzüldi. Ýyladyşhana diňe howa babatynda däl, toprak babatda hem ýer bilen bütinleý çapraz gelýän şertlere eýe.

Bal arylaryň «ylham» gülleri

Awstraliýaly dizaýner tarapyndan işlenip düzülen «sintetiki tozanlandyryjy» oba hojalygyndaky öndürijilige goşant goşýan bal arylaryň sanyny köpeltmäge ýardam berer. Bal arylaryň sanynyň azalmagy diňe bir biodürlülige däl, eýsem, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligine-de täsiri uly. Munuň üçin olaryň sanyny köpeltmekde täze teklipler öňe sürülýär. Şol teklipleriň biri hem awstraliýaly dizaýner Maýkl Kendä degişlidir. Ol bu meseläni çözmek üçin täze tehnologiki oýlap tapyş etdi. Onuň 3D çap ediji arkaly işläp düzen robot gülleri emeli tozanlanmak bilen bal arylary hem bu işe çagyrýar. Bal arylar adaty güller bilen bir hatarda robot güllere hem gonup, iş öndürijiligini artdyryp bilerler.

Nabat bagban

Oba adamlarynyň iş guraýyşlary howa ýagdaýyna, möwsüme görä bolýar. Daýhanlar häzirki bahar maýylganlygynyň her sagadyny ýerlikli peýdalanmakdan ötri, meýdan işlerine doly girişdiler. Hawa, häzir bagban Nabat Hanabaýewanyň her sagady gymmatly. Çünki 67 ýaşly Nabat daýza bagbançylygyň baglary sapmak ýaly çylşyrymly we hysyrdyly pişesi bilen 10 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Günorta dynç alyş mahaly onuň bilen sähel salymda bu ugurda esli zadyň gürrüňini edip ýetişdik. Ol maşgalasy bilen her ýyl bag sapyp ýa-da çybykdan nahal alýan möçberiniň 50 — 60 müňe ýetýändigini aýdýar. Munuň üçin noýabr aýynda ýere şänik atyp, gögeren nahaly bir ýyla ýakyn mahaldan — indiki ýylyň sentýabr aýynda sapýar. Sapylan nahal şondan soňam bir ýyl gögerip oturýar. Şeýdibem, iki ýyla ýetip-ýetmän, ekişe taýýar bolýar. Nahallaryň haýsysy bilen haýsysynyň sapmaga laýykdygy barada sowaly berjegimizi bilen ýaly, ol erik bilen erigi, alma bilen almany sapmagyň netijelidigini aýdýar. Behi bilen armydyň gowy «oňuşýandygyny» belleýär. Bagban zenan subtropik agaçlardan injiri hem sapýan eken.

Ýüpekçilikde möhüm möwsüm

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigata jan girdi. Daragtlar pyntyklap, gülläp, ýaprak ýaýyp başladylar. Tut agaçlary-da özüniň ýüpek ýapraklarynyň ujuny görkezdi. Şeýle günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda 2021-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekmegi ýüpekçileri örän begendirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 2100 tonna çig pile öndürmek baradaky wezipe ýurdumyzyň ýüpekçileriniň öňünde belent borç bolup durýar. Halkymyz bu pudagy üstünlikli alyp barmak bilen, baý tejribe toplady. Ata-baba ýörelgesini dowam etdirip, ýüpekçilerimiz pileden diňe bir ýüpek matalary, halylary dokamak bilen çäklenmän, onlarça görnüşli önümleri öndürmegi hem ýola goýdular.

Ýer bilen baglanyşykly sözler

Par — öňki ýyl sürlen ýer.Atyz — daş-töweregine çil çekilen ýer.Ýanaw — ýapgyt ýer.Çeltik — şaly ekiljek yzgarly ýer.Depiz — sähralarda ýerleşýän daş-töweregini gum gurşap alan şor ýer.Ala — üstüne gyrymsy çöp biten çäge gatyşykly takyrlar.Aklaň — üstünde selçeň ösümlik bitýän ullakan çägeli depe.Daz — ösümlik bitmeýän şor ýer.Şirem — iki derýanyň arasyndaky ýer.Akyn — ýagyş suwunyň akan ýeri.Peýkal — bölek ekin meýdany.Pyşda — joýanyň arasyndaky boş ýer.Nurhorda — dökün dökülen ýer.Tagta — tekiz düzlük, iki jülgäniň aralygyndaky tekizlik.Bil — görnüşine görä ýer.Guzaý — bir tarapyna Gün düşýän ýer.Çagat — ösümligi az otly ýer.Ýazy — sähralyk otuň bol ýeri.Şüdügär — sürlüp goýlan ýer.Kak — takyrlarda ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri.Jezire — dört tarapy suw bilen gurşalan ýer.Ak gaýyr — derýanyň suwunyň çekilen ýeri.

Azyk berekedi ugrunda

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkanazyk» önümçilik birleşiginiň Serdar şäherindäki azyk önümleri kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda öwgä mynasyp işler bitirildi. Has takygy, geçen iki aýda bu ýerde gaýtadan işlenen 2 müň 417 tonna pagta çigidinden 375 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar. Muňa geçen hasabat döwründe söwda nokatlaryna 20 tonna et we 27 tonna süýt önümleriniň göze gelüwli gaplara gaplanylyp ugradylmagy hem aýdyň görkezýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Önümçilik işleriniň amala aşyrylmagy bilen gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 1 million 294 müň manatdan hem köp boldy.

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmekde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmekde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Bu babatda mehanizatorlar daýhanlaryň iň ýakyn ýardamçylarydyr. Görogly etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndüren «Case», «CLAAS», «Ahion-850», «John Deere», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 47-si, şeýle-de «СLAAS AHOS-340» bejergi traktorlarynyň 39-sy, däne we pagta ýygnaýan kombaýnlaryň 69-sy bar. Olaryň kömegi bilen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda etrapda galla hem-de pagta meýdanlarynda düzlemek, sürüm, ekiş, hatarara bejeriş-ideg, ýygym işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Şol sanda abatlaýyş ussahanasynda we beýleki ýerlerde işler talabalaýyk ýerine ýetirildi.