Ertir welaýatymyzda gowaça ekişine girişiler
Ertir çarşenbe. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji, baharyň bolsa dördünji çarşenbesi. Ertirki gün bereketli türkmen topragynda ýene bir uly tutumyň ― gowaça ekişiniň sähedi bolar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm oba hojalyk möwsümine taýýarlykly gelindi.