Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

21 Mart 2021
1098

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA guramasy peruly alymlar bilen birlikde kosmos şertlerinde ýeralma ýetişdirmek boýunça gözlegleri geçirdi. Munuň üçin Perunyň paýtagty Lima şäherinde döredilen «Älem ýyladyşhanasynda» synaglar geçirildi. Ýyladyşhanada howanyň ýylylygy 0 derejeden pese düşürilip, güýçli howa basyşy emele getirildi. Garaz, alymlar Marsdaky şertleri döretmek üçin ähli tagallalary etdiler.

Limadaky «Marsyň» ýagtylygy hem hakyky Marsyň gije-gündiz çalşygyna laýyklykda düzüldi. Ýyladyşhana diňe howa babatynda däl, toprak babatda hem ýer bilen bütinleý çapraz gelýän şertlere eýe.

Aýjemal KLYÇEWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar