HABARLAR

01 duýdurýar!

«Ak altyny» ýangyndan goralyň! Pagta hasyly ýygnalýan we daşalýan döwründe ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar:

Ynamly gadamlar bilen möhüm möwsüme

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky yzygiderli aladalaryndan ruhlanýan zähmetsöýer babadaýhanlarymyz üçin örän jogapkärli döwür — pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi. Şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hut şu mynasybetli düýn welaýatymyzda «Ak kerwen» dabarasy geçirilip, köpçülikleýin pagta ýygymyna girişildi. Ir säher bilen welaýat häkimliginde etrap hem-de şäher häkimleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, welaýatyň degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Tohum al-da, ýere bar!

Halkymyz gadymy döwürlerden başlap, özüni zerur azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ugrunda yzygiderli aladalanypdyr. Bu häzirem şeýle. Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredip, ýurdumyzda ekerançylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýär. Şonda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak esasy talap hökmünde öňe sürülýär. Bu meseleler bolsa tohumçylyk işini täze derejelere çykarmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şeýle möhüm mesele boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynda nusgalyk işler alnyp barylýar. Bu ýerde beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda şalynyň tohumçylygy we seçgiçiligi boýunça ylmy barlaglar üstünlikli geçirilýär. Ussat ekerançy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Geldimyrat Orazowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda öňden bäri ekilip gelinýän şalynyň «Nukus-2», «Müňbaş», «Elenga», «Gülzar» ýaly görnüşleri indi birnäçe ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli alymyň seçgiçilik işleri netijesinde bu ekiniň «Bereket» atly täze görnüşi hem döredildi. Ol häzirki wagtda ýurdumyzyň şalyçyla

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi

Ak pagtam — ak bagtym “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde welaýatymyzyň pagtaçylary 162 müň gektarda pagtanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanyň alyn deri bilen kemala getirilen pagta hasylyny çalt we isirpsiz ýygnap, Watan harmanyna ýokary hil derejesinde goşant etmek örän jogapkärli wezipe bolup durýar.

Altyn önýän ak pagtaly meýdanda

Agrosenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň badalga almagy welaýatymyzda hem özboluşly dabaralara beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk puda-gynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär. Ene topraga yhlasly hyzmat edýän zähmetsöýer daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen üpjünçiligi hemişe döwletiň üns merkezinde durýar. Pudakda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmekde maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususyýetçileriň oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer gaznalaryny döretmekde düýpli öňegidişli

Ak pagtam — ak bagtym

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berilýär Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde topraga gowaça tohumlary taşlandy. Ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalara daýhan zähmet baryny siňdirdi. Ine, şonuň hasabyna-da bu gün gowaçalar «ak dona» bürendi. Özüniň gowy taraplaryny görkezip, eýýäm synagdan geçen gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120» ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hilli sortlary 40 — 50 sentnerden hasyl berýär. Bu sortlaryň agrotehnikasyny kemsiz öwrenen daýhanlaryň ýetişdiren hasyly-da gözüňi dokundyrýar. Penje-penje bolup açylan gozalary ýeke-ýekeden ýygnap, «ak altyndan» dag döredýän daýhany möwsümde bökdemez ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara pagta ýygymyna taýýarlygyň ýagdaýyny ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy.

Güýzlük bugdaý ekişi toý ruhunda badalga aldy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan Ahal welaýatynyň ak ekin ussatlary hem geçen hepdäniň çarşenbe güni dili senaly hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen möwsüme toý ruhunda girişdiler. 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük däne ekişine başlanmagynyň öňüsyrasynda geçen oba hojalyk işgärleriniň tejribe maslahaty netijeliligi bilen alamatlandy.

Pagta — gymmatly baýlyk

Ýurdumyzyň oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri-de pagta ýygymydyr. Uly baýlyk hasaplanýan pagtany ýetişdirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Zähmetsöýer pagtaçylarymyz şanly ýylyň gowaça hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Olaryň topraga yhlasynyň ýerine düşendigine berekedini bolluk bilen eçilen «ak altynly» atyzlar hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň pagtaçylary şu gün ýaşuly nesliň gatnaşmagynda möwsüme dabaraly ýagdaýda girişýärler. Jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleriniň taýýarlykly gelendigini bellemek gerek. Etrabymyzda pagta ýygýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary hem-de pagta arassalaýjy kärhanadyr kabul ediş harmanhanalar möwsüme öňünden doly taýýar edildi.

Zähmetde taplanan zenan

4-nji sentýabrda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga berlen güýzlük bugdaý ekişiniň dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň ýürek arzuwlary