Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berilýär
Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde topraga gowaça tohumlary taşlandy. Ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalara daýhan zähmet baryny siňdirdi. Ine, şonuň hasabyna-da bu gün gowaçalar «ak dona» bürendi. Özüniň gowy taraplaryny görkezip, eýýäm synagdan geçen gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120» ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hilli sortlary 40 — 50 sentnerden hasyl berýär. Bu sortlaryň agrotehnikasyny kemsiz öwrenen daýhanlaryň ýetişdiren hasyly-da gözüňi dokundyrýar. Penje-penje bolup açylan gozalary ýeke-ýekeden ýygnap, «ak altyndan» dag döredýän daýhany möwsümde bökdemez ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara pagta ýygymyna taýýarlygyň ýagdaýyny ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy.