HABARLAR

Ilon Mask daýhanlara kömek eder

«DairyNews» habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, Ilon Maska degişli «SpaceX» we Larri Ellisonyň ýolbaşçylyk edýän «Oracle» kompaniýalary oba hojalygynyň önümçiligini meýilleşdirmek we zerur maglumatlary çaklamak üçin peýdaly boljak emeli intellekt guralyny döretmek üçin birleşmegi maksat edindiler. Döredilmegi maksat edinilýän emeli intellekt bilen işleýän gural oba hojalyk kartalaryny çyzar we şol kartanyň üsti bilen ýurduň niresinde näme ekilýändigine jikme-jik gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Oba hojalygy: möwsümleýin iş – möhüm iş

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow,  Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew,  Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Kärendeçi toparlaryň üstünligi

Şibit

Güýz möwsüminde hasyl ýygnalyp, boşap galan ekin meýdanlary ulanmak daýhanlara bähbitlidir. Bu ýagdaý, ilki bilen, ekin meýdanynda ekin dolanyşygyny geçirmegi üpjün edýär. Şeýle-de meýdanda haşal otlaryň azalmagyna, ýeriň, topragyň hiliniň gowulanmagyna getirýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl alynmagyň özi, ak bazarlarymyzyň ter önümler bilen üpjün bolup, ilatyň miwedir bakja önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Islendik ekini ekmezden ozal, topragy ekiş üçin taýýarlamalydyr. Topragy ýumşadyp, haşal otlardan arassalamaly, mineral dökünler bilen iýmitlendirmeli. Ekin ekilip, suwarylanda suw akyp şol bir ýere üýşmez ýaly, ekin meýdanynyň tekiz, endigan bolmagyny gazanmaly. Güýz möwsüminde ekin ekilende howa şertleriniň durumyna-da ünsli çemeleşmeli. Çünki tohum şinelänsoň, ony sowuk urmagyna ýol bermeli däldir.

Azyk bolçulygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleri täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar taýdan hem oňyn görkezijileriň gazanylmagyna ähli şertleri döredýär. Soňky ýyllarda bu pudak durnukly ösmegini dowam etdirýär. Oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem tassyklaýar. Pudagy ösdürmekde Oba milli maksatnamasyna-da aýratyn orun degişlidir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Niderlandlarda alyjylara kelemiň täze görnüşi hödürlenilýär

«Bejo» tohumçylyk kompaniýasy «AS de Boer» we «The Greenery» önümçilik kompaniýalary bilen bilelikde şu güýz möwsüminde Niderlandlar Patyşalygynyň «Jumbo» supermarketler zynjyryny hoşboý ysly kelem bilen üpjün eder. Kelemiň täze görnüşi ýaşlaryň arasynda bu önümiň hyrydarlarynyň artmagy netijesinde ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen döredilendigi hakda «AgroTimes» ýazýar. Kelemiň täze görnüşiniň önümçiligi bilen meşgullanýan «AS de Boer» kompaniýasynyň wekili Ýoris de Buruň aýtmagyna görä, täze sort göze gelüwli daşky görnüşi we süýji tagamy bilen alyjylary özüne çekýär.

Özbegistan 62,3 million amerikan dollarlyk erik eksport etdi

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 64,8 müň tonna erigi daşary ýurtlaryň bazarlaryna iberdi. Ýurduň erik eksportynyň umumy bahasy 62,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Hasabat döwründe Özbegistanyň daşary ýurtlara satan eriginiň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15 müň tonna, umumy bahasy bolsa 21,6 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda jemi 14 sany ýurt özbek erigini import edipdir. Şolaryň arasynda ilkinji üçlükde Russiýanyň (51,5 müň tonna), Gazagystanyň (8,1 müň tonna) we Gyrgyz Respublikasynyň (2,7 müň tonna) atlary bar.

«Zespri» Belgiýada gyzyl kiwini satuwa çykardy

Täze Zelandiýanyň «Zespri» kompaniýasy Italiýada öz önümçiligini ýola goýanyndan soňra, Ýewropa bazarynda birnäçe synaglary geçirmäge başlady. Hususan-da, kompaniýa Belgiýanyň dükanlarynda Italiýada öndürilen gyzyl kiwileriň çäkli mukdardaky deslapky satuwyny ýola goýdy. «RubyRed» diýlip atlandyrylýan bu täze görnüş indi 3-nji ýyl bäri satylyp gelinýär» diýip, «EastFruit» ýazýar. «Zespri» kompaniýasynyň hünärmenlerinň aýtmagyna görä, kiwiniň bu görnüşi ilkinji möwsümde Täze Zelandiýada ýetişdirilip, daşarky bazarlara iberileninde, oňa müşderiler tarapyndan adatdan daşary uly isleg bildirilipdir.

Zähmet — bagtyň gözbaşy

Döwletjan ÖWEZMYRADOW,  Baýramaly etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.   Sözümi maňa şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşmak bagtynyň miýesser edendiginden başlajak. Baýramda ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen, ömürlerini halal zähmete bagyşlap, abraý-mertebä ýetip, nesillere nusgalyk mekdebi döreden ýaşulular bilen didarlaşdyk, pikir alyşdyk, baýramçylyk çärelerine, guralan gezelençlere gatnaşdyk. Şonda gürrüňiň soňy hökman halal zähmetiň bagta ýetirýändigi, abraýa-şöhrata eltýändigi hakdaky degerli mysallar, anyk deliller bilen jemlendi.

Meýdan düşelgesinde dabara geçirildi

Ak bugdaý etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylar üçin medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi. Ýaş pagtaçy kärendeçilerdir ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň hem-de ýygnalan hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirdiler hem-de olaryň alyp barýan şu günki işleriniň ähmiýeti, yhlas bilen ýetişdirilen «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigi barada aýtdylar we zähmet üstünligini arzuw etdiler.