Ata kesbine eýeren bagban

9 Oktýabr 2024
401

Gadymy Nalajyň gyryny etekläp oturan oba Harmanjyk obasy diýýärler. Ol Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Bu obanyň gözel görnüşi bar. Obanyň gündogar tarapyndan geçýän ýoldan barýarkaň seretseň, gyryň depesi bilen başyny deňläp oturan boý dereklerdir dürli miweli baglarda gözüň eglenýär. Melleklerdäki bag-bakjalar oba adamlarynyň janypkeşliginden habar berýär. Oba gelýän ýoluň sag tarapyndaky 2 gektara golaý meýdany tutup oturan baga Çopan aganyň bagy diýýärler. Zandy daýhan bolup, ýerden bereketli hasyl almagyň nusgasyny görkezen Çopan Mädeminow mundan 20 ýyl töweregi ozal bu baglaryň düýbüni tutýar. Şeýlelikde, ol irginsiz zähmeti, erjelligi bilen, bagbançylykda hem özüni tanadýar. Çopan aga bu baglaryň datly miwesini her ýyl özüniň obadaşlaryna dadyrýar. Bu sahawatly kişiniň bu edähedini häzirki wagtda uludan-kiçä hemme ýatlaýar. Häzirki günlerde Çopan aganyň bu däbini onuň körpe ogly Söýünmämmet Mädeminow ýöredýär. «Ata kesbi ogla halal» diýen ýörelgä eýeren Söýünmämmet bagbançylygyň abyny-tabyny kemsiz ele alypdyr.

— Baglara yzygiderli ideg etmeli bolýar. Onuň işi ýylyň dört pasly üçin hem ýeterlik. Bagdan gözüňi sowdugyň, ol görkünem, hasyl bermesinem kemeldýär. «Daýhany ýer ekleýär» diýlişi ýaly, bagbany hem bagy ekleýär. Bir tarapdan, baglar tebigatymyza, daş-töweregimize aýratyn görk berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol biziň gazanç çeşmämiz. Şonuň üçin oňa aýratyn yhlas bilen seretmeli. Her daragta etmeli idegiň öz aýratynlygy bar. Käbir daragtlara tut kesen ýaly dözümliräk daramaly, käsine bolsa kesim asyl ýaramaýar. Şu iki gektara golaý bagda miweli agaçlaryň görnüşlerini sapma usulynda artdyrmaga çalyşýaryn. Häzir şu ýerde erigiň 10-dan gowrak görnüşi miwe getirýär. Baharyň ahyrky aýyndan güýzüň ortaky aýyna çenli erigiň dürli görnüşlerini ter görnüşde bagdan alyp iýip bolýar. Erigiň birnäçe görnüşini ata-babadan gelýän usula eýerip, saýa ýerde ýörite çykalan gamşyň üstüne serip, kak edýäris. Kak edilen erik kişdesiniň adam saglygy üçin örän uly peýdasy bar. Ol dürli sökellikleriň öňüni alýar. Çaýa ýa-da nahara atylyp iýlende, ol oňat huruş bolýar.

Ýörite habarçymyz.