Hanalardan harman döreýär
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen welaýatymyzyň pagtaçylary atyzlardaky hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalaryň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda «ak altynyň» öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmaklyga döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, gündelik ýokary netijeleri gazanýarlar.