HABARLAR

Tejribeli kärendeçi

Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri gowaça ekilen meýdanlaryň 1400 gektaryndan 2800 tonna hasyl almagy meýilleşdirip, möwsümi gyzgalaňly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri hakda gürrüň gozgalanda Nurýagdy Hümmedowyň ady ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Şu ýylda kärendeçi daýhan 4 gektar gowaça meýdanynda bol hasyly kemala getirip, ony ýygnap almaga taýýarlykly girişdi. Ol el güýji bilen ýygnalan 3500 kilogramdan gowrak hasyly harmana tabşyrdy. Tejribeli kärendeçiniň pagta meýdanynda entek hasyl köp. Ony ýitgisiz ýygnap almak bilen möwsümi üstünlige beslemegi kärendeçi maşgalanyň agzalary belent maksat edinýärler.

Daýhan aladasy ýerine düşýär

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary ýere yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Şeýle janypkeş daýhanlar Sarahs etrabynda hem az däl. Ene toprak bilen bagry badaşan zähmet adamlarynyň hatarynda Baýramsoltan Çaryýewanyň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Etrabyň çäginde «Ummasyz hasyl» daýhan hojalygyny döreden Baýramsoltan Çaryýewa geçen ýylda ekerançylyk meýdanynyň 14 gektarynda gowaça ýetişdirip, şondan 54 tonna pagta, 20 gektarynda däne öndürip, 74 tonna bugdaý hasylyny aldy. Şeýlelikde, meýilnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen berjaý edip, ýyly üstünlikli jemledi. Gazanylan üstünligi has-da berkitmek, ýerlerden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak maksady bilen ol hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary bilen şu ýyl hem topraga turuwbaşdan azap siňdirdi.

Toprak genji — ýagly künji

Gökdepe etrabynda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetișdirmegi bașarýan ussat kärendeçileriň ençemesi bar. Etrabyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginde zähmet çekýän Arslan Ataýew hem şeýle kärendeçileriň biri. Her ýyl ak bugdaýyň, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip gelýän zähmetsöýer kärendeçiniň şu ýyl 15 gektar meýdanda ekip, idegini ýetirip oturan künjüli atyzlaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Onuň 10 gektar meýdanda ýetişdiren gowaça, 4 gektar ýerde ýetişdiren bakja ekinleri-de berekedini bolluk bilen eçilipdir. — Künji halkymyzyň eý görýän gadymy azyk önümleriniň biridir. Oňa ýurdumyzyň azyk senagatynda, şeýle-de ak bazarlarymyzda ilat arasynda isleg uly. Künji ýagyndan başga-da ondan taýýarlanýan halwa, gowurga, künjüli çörek, künjüli süýji, künjüli köke ýaly ajaýyp nygmatlar hem bereketli saçaklarymyzy bezeýär. Hem datly, hem ýokumly, melhemlik, dermanlyk ähmiýeti uly bolan künjüli önümler çagalaryň hem küýsegli tagamlarynyň biri. Juda ýokumly häsiýete eýe bolansoň, onuň künjarasy mallar üçin hem tenekar iým bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ekinden ýokary hasyl almakda yhlasly zähmet çekýäris — diýip, kärendeçi Arslan Ataýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Kadaly ekiş — göwnejaý gögeriş

Babadaýhan etrabynyň Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň 14-nji toparynyň gallaçy kärendeçileri şu ýylda 165 gektar meýdanda ýokary hilli güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde toparyň ekerançylyk meýdanlarynda däne ekişini geçirmegiň depgini barha artýar. Tejribeli mehanizatorlaryň tagallalary bilen ekiji tehnikalar gije-gündiziň dowamynda saz we bökdençsiz işledilýär. Bu bolsa, kärendeçileriň galla ekişini bellenilen möhletde tamamlamagyna mümkinçilik berýär. — Gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde ekiş möwsümi bilen baglanyşykly işlerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Galla ekişiniň geçirilen ýerlerinde gögeriş suwlary tutulýar. Ekerançylygyň talaplaryndan ugur alyp, gögeriş suwunyň tutulyşynyň siňňitli bolmagyny ýola goýýan gallaçylaryň ekin meýdanlarynda kadaly gögeriş gazanylýar. Häzirki wagtda gögeriş gazanylan meýdanlaryň möçberi 50 göterime golaýlaýar. Işine tutanýerli çemeleşýän kärendeçileriň arasynda Artykmyrat Ataýew, Akmyrat Aýdogdyýew, Enegyz Muhammetmyradowa ýaly kärendeçileriň bardygyny aýratyn bellemek bolar—diýip, 14-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Guwançmyrat Saryýew aýdýar.

Joşgunly zähmet

Eziz Diýarymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmet çekip, bol önüm öndürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alyp barýan işleri hem-de onuň oňyn netijeleri aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekmegi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki möwsüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, etrap häkimliginiň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda aýdym-sazly dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda «Zähmet joşýar pellerde» ady bilen etrapdaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanlarynda geçirildi. Bu çärede etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň «armasyny» ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda etrapda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamaga işjeň gatnaşýan kären

Agroinnowasiýalar: geljegiň mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň çuňňur bilim almagy ugrunda, şeýle hem dünýä döwletleri bilen bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin beýik işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-sine Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 9-syndan 27 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 51 sany, biziň ýurdumyzyň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 100 sany ylmy-taslama işleri hödürlenildi. 16-njy oktýabrda institutyň uly mejlisler zalynda bu halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Onda Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, professor H.Ýunusow çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagta ýygymy welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bu etrabyň pagtaçy kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýylynda 30 müň gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaçadan 57 müň 600 tonna «ak altyn» hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Etrabyň daýhanlarynyň ýygym möwsümine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlykly gelmegi, pagta ýygymynyň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berýär. «8-nji mart» daýhan birleşiginden Zöhre Aşyrowa, Ogulnabat Bozowa, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Gurbansoltan Aşyrowa, Ogulmaýa Myradowa ýaly kärendeçiler özleriniň meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu kärendeçileriň göreldesine eýerýän etrabyň beýleki pagtaçy kärendeçileri hem öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny berjaý etmek, atyzlardaky «ak altyn» hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Bu işde kärendeçilere ýüwrük elli ýygymçy gelin-gyzlarymyz ýakyn ýardamçy bolýarlar. Ýygym möwsüminde ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy «ak altyn» harmanlarymyzyň gün-günden beýgelmegine uly mümkinçilik berýär.

«Ak altyn» harmanyny döredijiler

Şu ýyl Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda 2 müň 650 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 3 müň 250 tonna hasyl almak maksat edinildi. Häzirki wagtda pagtaçy daýhanlar yhlas siňdirilip, ösdürilip ýetişdirilen gowaçanyň bitginli hasylyny öz wagtynda, isripsiz ýygnap almagyň depginini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Bu möhüm işe etrabymyzyň pagtaçy daýhanlary, kombaýnçylary we hasyl daşaýjylary bilen birlikde, oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Jogapkärli möwsümde pagta ýygymyna gatnaşyjylara yhlasly zähmet çekmek üçin meýdan işlerinde zerur bolan şertler döredilip, olaryň «armasy» ýetirilip durulýar. Ylaýta-da, etrabyň medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary, gülküli sahnalary pagtaçylara ruhy lezzet paýlap, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ertirki hasylyň şu günki aladalary

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ussat gallaçylary hem öňde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýerde ekişiň möhletiniň dogry saýlanyp alnandygyny aýdasymyz gelýär. Çünki ir, endigan gögeriş almak üçin bu möhlet örän amatly hasap edilýär. Gyzgalaňly dowam edýän günlerde welaýatymyzyň kärendeçileri hemmelere görelde görkezýärler. Olaryň arasynda Kerki etrabynyň Osman Ödäýew adyndaky daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gurbannazar Allaberdiýew hem bar. Ol özüne degişli bolan 3 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, meýilnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý edýän daýhanlaryň biri. Janypkeş daýhan geçen ýyl her gektardan 40 sentner hasyl alyp, Watan harmanyna öz goşandyny goşdy. Ol şu ýylky ekilýän bugdaýyň her gektaryndan 50 sentner hasyl almagy maksat edinýär.

«Gyzylýabyň» baglary

Akdepe etraby hasyl ussatlarynyň ýetişdirýän datly miweleri bilen ýurdumyzda giňden tanalýar. Ak bazarlarda «Akdepäniň almasy», «Akdepäniň kişdesi», «Akdepäniň igdesi» diýlip, mazamlanýan miwelere häli-şindi duşmak bolýar. Obanyň içinden ýöräp ugranyňda, melleginde miweli agaç ekip, bag ýetişdirmeýän öý ýokmuka diýýärsiň. Uly ýoldan sowlup, oba giräýen ýeriňde, ilki bilen, Orazgeldi Amanowyň mellegine gözüň düşýär. Orazgeldi mugallym aýaly Gurbansoltan Aýtmedowa bilen melleginiň ep-esli ýerini miweli baga öwrüpdir. Mellekde injirdir nardan başlap, adyny tutan miwäňi tapmak bolýar.