Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

22 Oktýabr 2024
331

Ak şor ýer — daýhanlaryň sözleýiş medeniýetinde, adatça, şory topragyň ýüzüne çykyp, agaryp duran ýeri aňlatmak üçin giňden ulanylýan ýer ady. Professor M.Penjiýew öz ylmy işlerinde ak şorluk ýerleriň emele gelmeginiň sebäbiniň ýerasty suwuň tiz bugarmagy netijesinde onuň üstünde peýda bolýan ak duzuň, köplenç 1 santimetre çenli galyňlykda topragyň ýüzüni gaplap alýandygy bilen baglydygyny ýazýar. Alymyň ýazmagyna görä, şeýle ýerlerde natriý hlor duzy köpräk bolýar. Ýüzi ak duz bilen gaýmaklap duran şor ýerden ýörelende ýaňlanýan sesiň adyna «hoturdy» diýilýär.

Agyr gumsala toprakly ýer — topragynyň düzüminde mehaniki elementleriň owuntyklary bolan ýeriň ady. Şeýle ýerde ekinler bol hasyl getirýär. Bu ýer düzüminde ösümlikleriň bol hasyl getirmegi üçin zerur bolan mineral duzlaryň ýeterlikdigi sebäpli tebigy döküne baý bolýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.