Ellerde hereket — pellerde bereket

21 Oktýabr 2024
301

Şol berekedi ýygnap almak ugrundaky tutanýerli işler her gün ir säherden başlanýar. Netijede, hanalardan jemlenip, yzly-yzyna dolýan gaplar barha köpelýär. Olary terezide çekip, soňra atyzyň gyrasynda duran traktoryň tirkegine gapgarýan topar ýolbaşçysy hem-ä ýygymçylaryň armasyny ýetirýär, hem-de depderçesine bellik edýär. Ýer eýeleri — kärendeçiler bolsa boşan gaplary ýene-de ýygymçylara gowşurýarlar.

Güýz gününiň her bir pursadyndan netijeli peýdalanmagy başarýan ýüwrük elli ýygymçylar ýene-de ýygyma girişýärler. Soňra olar bilen deň gadam urýan kärendeçiler-de atyzyň bir gyrasyndan girip, ýygyma başlaýarlar. Bu görnüşi synlap durşuňa, türkmen topragynyň sahawaty baradaky ýakymly oý-pikirlere berilýärsiň. Milli baýlygymyz bolan ak pagtanyň şeýle bol hasylyny eçilen toprak, hakykatdan-da, keramatly. Ýogsam, eliň aýasyna ýerleşýän ak hanalardan daglar bilen bäsleşýän «ak altynyň» harmanlaryny döretmezdi. Eli gabarçakly, ýüzi Güne gaýzygan daýhan ondan güýç-kuwwat alýar. Tylla toprak daýhanyň özüne siňdirýän azabyna, zähmetine görä-de hasyl eçilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).