HABARLAR

Herekete — bereket

Doganlar Joraguly, Aşyrguly, Kadyr, Merýem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynda limon ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Bu işe ilki başlan doganlaryň ortanjysy etrap merkezi hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminiň lukmany Joraguly Saparow boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal öz melleginde ýyladyşhana gurup, limon agajynyň 60 düýp nahalyny ösdürip ýetişdirdi. Işe höwesli ýigit bu ugurdan kitaplaryň ençemesiniň gatyny agdardy, limon ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň maslahatlaryny diňledi. Şeýdip, limon ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplady, ondan bol hasyl aldy. Netijede her ýylky hojalyga gelýän girdeji barha artmak bilen boldy. Joraguly doganlaryna, goňşy-golamyna hem ýyladyşhana gurup, limon ekmekligi maslahat berdi. Olara limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwredip, degerli maslahatlaryny berip durdy. Çekilen zähmet ýerine düşüp, doganlaryň yhlasy myrat tapdy. Ýakynda biz Joragulynyň ýyladyşhanasynda bolup gördük. Ol inisi Aşyrguly bilen ýetişen limonlary ýygnap ýören eken. Daşarynyň çigrekligindenmi, bu ýeriniň ýyly howasy, limonlaryň ýakymly ysy birhili janyňa hoş ýakýar. Şahalardaky düzüm-düzüm limonlar göreniň gözüni dokundyryp, ruhuny göterýär. Doganlaryň ýüz-gözlerindäki begenç alamatlaryny mese-mälim duýmak bo

Halkara ylmy-amaly maslahat

Durnukly ösüşiň ylmy esaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygyna döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Şu jähtden Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli daýhançylyk däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Oba ýerinde märekelerde, toý-tomaşalarda ýa-da bäş-atly adamyň üýşen ýerinde ekilen ýer boş çykmasyn diýilmesi häli-şindi gulagymyza degýär. Öňki döwürlerde adamlar miweli agaçlary, gök-bakja, däneli ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Daýhanlar halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen oba hojalyk ekinleriniň bitginli hasylyny ýygnap, däne saklanýan jaýlarda, şeýle-de ýörite niýetlenen ýerlerde saklapdyrlar. Käbir ýyllarda güýz aýlarynda ekinleri sowugyň ir urmagy, ýaz paslynyň salkyn, ýagyşly bolmagy ýa-da ýaz paslynyň daýhançylyk üçin amatsyz gelmegi netijesinde ekin ýerleriniň hasylynyň pes bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýere harçlanan tohum-çigidiňem ödelmedik mahalynda daýhanlaryň hasyl bolmady diýen manyda boş çykdyk diýäýmesi bar.

Şa serpaýly ussat daýhan

Ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň ösmegine hem uly üns berilýär. Daýhanlar, kärendeçiler, mülkdarlar, telekeçiler bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, dürli ekinlerden bol hasyl ýetişdirýärler. Şeýle daýhanlaryň biri hem Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Çarytagan Oraztaganowdyr. Ol daýhan birleşiginde ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri kärendeçi bolup işläp, dürli ekinlerden bol hasyl almakda özüni kemsiz tanatmagy başardy. Bäş ýyldan bäri bolsa 4 gektar kärende ýerinde ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda onuň sarp edijilere ýetiren ýeralmasy 64 tonna boldy. Etrapda ussat daýhanlaryň hatarynda tanalýan Ç. Oraztaganowyň geçen ýyllardaky zähmet görkezijilerine ser salanyňda hem onuň tüýs zähmet adamydygyna göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Üstünlige beslediler Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemek ugrundaky tagallalary ýerine düşdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň agzalan öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň geçen on bir aýynda alnyp barlan önümçilik işleriniň görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has anyk aýtsak, gürrüňi edilýän kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýlelikde, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi.

Hoz bagynyň bagbanlary

Güýz tumşugyny göge tutup, aýazyň ysyny getirip ugranda, giç bişip ýetişýän dal-daragtlaryň hasyly ýygnalyp başlanypdy. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi gyzgalaňly dowan edýärdi. Hanhajykga, ýaňyrak ekilen nahallaryň baldajyklary hakyt gyzylinjigiň aýagy dek bolup, gyzaryp otyr. «Dünýä görki — täze nahal» diýleni. Il deňinde biz hem iki düýp hoz nahalyny oturtdyk. Güýz oturdylan nahal ýaza çenli gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda janlanyp ugraýar. Her kim bir zadyň yşkyna düşýär. Meniň pikir-oýum miwesini göterip bilmän ýegşerip oturan hoz baglarynda. Hudaýa şükür, altyn topragymyz bar, kesewini dürtseňem gögerjek. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hoz agajyny ýetişdirip, bol hasyl alýan başarjaň bagbanlarymyzdan hem dilgir bolar ýaly däl. Olaryň ýetişdiren baglaryny synlap, geň galmakdan ýaňa başyňy kaýyllyk bilen ýaýkap goýbereniňi duýman galýarsyň. Il içinde: «Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi» diýilýär. Bu durnukly söz düzümi nämedir bir zadyň gowudan-gowusyny islemegi aňladýar. Eýsem, hozuň mürrügi bolanda näme bolýarka?!

Yhlasa — myrat

Türkmeniň sahawatly topragy bar. Ol idegini kemsiz ýetirip, yhlas bilen hyzmat edene berekedini eçilip, bagtly durmuşa ýetirýär. Munuň şeýledigine biz maňlaý derini döküp, ene ýerden ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan ildeşlerimiziň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şolaryň biri hem 1991-nji ýyldan bäri ene topraga hyzmat edip, bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp gelýän Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň ýaşaýjysy Enargül Ersaryýewadyr. Ol 2021-nji ýylda geňeşligiň çäginde 99,17 gektar ýeri uzakmöhletleýin kärendesine aldy. Daýhan zenan ilkinji ýyl ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 42 gektaryna gowaça, galan bölegine-de şalydyr mäş ekdi. Ekinleriň idegini kem etmedi. Ýeterlik mukdarda ýerli we mineral dökünleri berdi. Yzygiderli suwdan gandyrdy. Çekilen zähmet ýerine-de düşdi. Ene toprak bol hasyl eçildi. Enargül şol ýyl döwlete 72,7 tonna derek 98 tonnadan geçirip, azyklyk däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Ol şol ýyl gowaçadan hem meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 105 tonnadan aşyryp, ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldi. Şalydyr mäş ýaly ekinleriniň hasyly hem ýokary boldy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçiniň oba hojalyk ekinlerini ekip, önümçilik baradaky meýilnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Rowaçlyklaryň binýady berkidilýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň bize nämeleri bagyş edendigine göz aýlamak, gazananlarymyzy ölçerläp, geljege belent maksatlary tutunmak örän ýakymly. Ildeşlerimiziň saçaklaryndaky bolçulykdan, ýüz-gözlerindäki şatlykdan çen tutubam, hoşlaşyp barýan ýylymyzda garaşylýan tamalaryň, arzuwlaryň hasyl bolandygyny bilip bolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şowly gadamlaryň buýsançly ýazgylaryny galdyrdy. Bu ýylda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýeriň hasyl berijiligini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri döretmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda edilen işler has-da göze görnümlidir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän syýasatlarynyň netijesinde welaýatymyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýan oba hojalygynda häzirki wagtda kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ýagdaý oba hojalyk ekinlerinden ýeterli hasyl ýygnalmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şu ýyl bugdaý, şaly we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden meýilleşdirilen hasyl artygy bilen ýygnaldy. Welaýatymyz

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Guramaçylykly barýar Şu günler ekerançylyk ýerlerinde gyş-meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçylar kadaly boý alýan ak ekine ideg etseler, şugundyrçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgul bolýarlar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna görä, toprak bejergisiniň özeni bolan sürüm işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Gant şugundyry ýygylýar

Yhlasly zähmetiň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bir ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan önüm öndürijiler gowaçadyr bugdaýyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri şu günler bugdaýdan boşan meýdana ekilip, bol hasyly ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak bilen meşgullanýarlar.